Türkmen işewür zenanyndan doňdurylan gök önümler we miweler


Ýylboýy gök önümler, miweler we iýmişler - indi bu arzuw däl, hakykat. Esasanam güýz-gyş möwsüminde bedene goşmaça witaminler gerek. Ynha şonda şu gün marketlerde, söwda merkezlerinde we marketpleýslerde satyn alyp boljak doňdurylan önümler kömege gelýär.
Önümleri çuňňur doňdurmak – bu netijede gök önümleriň we miweleriň täzeligini we ýokary söwda häsiýetlerini çäksiz wagt saklamak ukybyna eýe edýän häzirki zaman tehnologiýasydyr. Mundan başga-da, beýle önümleri saklamak we daşamak aňsat. Telekeçi Amandursun Begjanowa Aşgabatda ýerli daýhanlar we bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen gök önümleri, miweleri we dürli iýmişleri ýörite doňdurmagyň önümçiliginiň ýola goýlan sehini açdy.
Ýewropa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhana miweleriň we gök önümleriň şok doňdurma önümçiligi ýola goýlan, ýagny -40-120 derejede 500 kilogramdan 1 tonna çenli ýerli miweler we gök önümler doňdurylýar. Bu sikl doly awtomatlaşdyrylan bolup, ulanylýan özboluşly usul bolsa hiý ýitgisiz diýip, türkmen işewür zenany gürrüň berýär.
Häzirki wagtda kompaniýa sarp edijilere dogralan pomidor, brokkoli, süýji burç, erik, böwürslen, gara smorodina, arahis we başgalar ýaly doşdurylan görnüşlerini hödürleýär. Taýýar önüm amatly gaplamalarda gaplanýar. Mysal üçin, jemgyýetçilik naharhanasy, toý mekanlary, konditer zawodlary üçin önümler 10 kilogramlyk plastik paketlere gaplanýar we bölek söwda üçin dürli agramly gaplar üpjün edilýär. Saklamak üçin müň tonna çenli taýýar önüm saklamaga ýeri bolan ýörite sowadyjy ammar guruldy.
Ýakyn wagtda Amandursun Begjanowa doňdurylan harytlaryň hataryna mekgejöwen hem goşup, onuň sanawyny giňeltmegi meýilleşdirýär diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sabty habar berýär.
ORIENT news








