Döwlet gullugy akademiýasy halkara şahadatnamalar bilen sylaglandy


Bilimler we talyp ýaşlar gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy binagärlik we innowasiýa aýratynlygy taýdan halkara şahadatnamalaryň ikisine mynasyp boldy.
Akademiýanyň 600 diňleýjä niýetlenen binalar toplumynyň umumy meýdany ýedi gektara barabardyr. Baş bina ýokary amatlyklary bolan dürli okuw otaglaryny, maslahatlary geçirmek üçin zallary, onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen otaglary, kompýuter we lingafon, internet otaglaryny, kitaphanany, muzeýi, şeýle hem professor-mugallymlar düzümi üçin niýetlenen iş otaglaryny, beýleki degişli otaglary öz içine alýar. Olaryň ählisi döwrebap enjamlar, şol sanda interaktiw displeýler bilen üpjün edildi.
Döwlet gullugy akademiýasynyň düzümine 50 müň kitaby saklamaga niýetlenen kitap gaznasy bolan kitaphana girýär. Bu ýerde 60 orunlyk okalga zaly, internet zallary, döwürleýin neşirler hem-de täze neşir edilen kitaplar üçin niýetlenen zallar ýerleşýär. Şeýle hem içki elektron kitaphana ulgamy göz öňünde tutulypdyr.
Açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “DUISBURG ESSEN” uniwersitetiniň “Iň gowy binagärlik” şahadatnamasyny akademiýanyň rektoryna şu uniwersitetiň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosin dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi professor Harald Apel akademiýanyň rektoryna şu institutyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.
Akademiýanyň düzüminde iki fakultet — döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra — döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.
ORIENT news








