Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan Günüň ýanyna öz obserwatoriýasyny goýberdi

Sentýabr 02, 2023 | 17:38 |11828
2-nji sentýabrda Hindistanyň Satiş Dhawana adyndaky Kosmos merkezinden raketa göterijisi arkaly "Aditya-L1" Gün awtomatiki stansiýasy Arş giňişligine goýberildi. Bu enjam Gün - Ýer aralygynda, Ýerden 1 ýarym million kilometr uzaklykda iş alyp barar.2-nji sentýabrda Hindistanyň Satiş Dhawana adyndaky Kosmos merkezinden raketa göterijisi arkaly "Aditya-L1" Gün awtomatiki stansiýasy Arş giňişligine goýberildi. Bu enjam Gün - Ýer aralygynda, Ýerden 1 ýarym million kilometr uzaklykda iş alyp barar.
Çeşme: isro.gov.in

2-nji sentýabrda Hindistanyň Satiş Dhawana adyndaky Kosmos merkezinden raketa göterijisi arkaly "Aditya-L1" Gün awtomatiki stansiýasy Arş giňişligine goýberildi. Bu enjam Gün - Ýer aralygynda, Ýerden 1 ýarym million kilometr uzaklykda iş alyp barar.

Onuň bu uçuşy 100 gün dowam eder we ol Arş giňişliginde 5,2 ýyllap iş alyp baryp, Günüň daşky gatlaklaryny öwrener. Ýakyn döwürde Hindistan Ýeriň ýeketäk hemrasy bolan Aýa öz kosmonawtlaryny ugradar. Ýakynda ýurduň "Çandraýan 3" diýlip atlandyrylýan gonuş enjamy Aýyň günorta bölegine üstünlikli gonupdy.

Ýurduň Kosmos gullugy 2024-nji ýylyň aýagyna "Gaganýan" arş gämisi arkaly pes belentlikde Ýeriň daşyndan öwrüm etmegi meýilleşdirýärler. "Gaganýan" missiýasy kosmonawtlary howpsuz äkidip getirmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, missiýa tizligi peseldiji paraşýutlary işläp taýýarlamakda gözlegleri alyp barýar we bu boýunça birnäçe synaglary üstünlikli geçirdi.

64f32cd17b13b146663988.jpg

"Gaganýan" missiýasyna gatnaşyjy kosmonawtlar ýurduň Bangalor sebitindäki okuw merkezinde taýýarlanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026