Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi: "Geljekde bu ýere dolanmak mümkinçilige umyt bildirýärin"


Türkmenistanda diplomatik işini tammalan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruis Alonso ilçihananyň internet sahypasynda özüniň 4 ýyllyk zähmetiniň netijesini beýan etdi.
Diplomatyň mälim etmegine görä, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky özara gatnaşyklara özüniň goşandyny goşmaga döredilen mümkinçiligi uly hormat hasaplaýar.
"Men Türkmenistanyň mähriban halkyna bildirilen myhmansöýerlik we sahylyk üçin tüýs ýürekden hoaşllygymy bildirýärin. Bu ajaýyp ýurtda ýaşamak we işlemek meniň üçin hormat bolup, geljekde bu ýere ýene dolanyp gelmek mümkinçiligine umyt bildirýärin" diýip ilçi Alonso belleýär.
Türkmenistan bilen hoşlaşmak bilen, men bu ýurtdan özüme ýakymly ýatlamalary alyp barýaryn we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleliginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljek ýyllarda hem täze sepgitlere ýetjekdigini ynanaýaryn" diýip, ilçi belleýär.
ORIENT news








