HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Braziliýa BMG-niň düzümlerinde geçiriljek saýlawlarda birek-biregi goldamaga taýýardyr

Sentýabr 01, 2023 | 21:56 |8704
Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa kärdeşi, Braziliýanyň BMG-däki hemişelik wekili Serjio Fransiýa Danes bilen duşuşdy.Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa kärdeşi, Braziliýanyň BMG-däki hemişelik wekili Serjio Fransiýa Danes bilen duşuşdy.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa kärdeşi, Braziliýanyň BMG-däki hemişelik wekili Serjio Fransiýa Danes bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň BMG-daky (Nýu-Ýork) wekilhanasynda geçirilen duşuşykda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde, hususan-da Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň düzümlerinde ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlaryň mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, taraplar 2024-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň we Braziliýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri guramagy ara alyp maslahatlaşdylar, bu barada anna güni Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň web sahypasynda habar berildi.

Diplomatlar iki ýurt üçin aýratyn gyzyklanma döredýän başlangyçlara özara goldaw bermek däbini dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler, şeýle hem özara ileri tutulýan ugurlara ýetmek we Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary has çuňlaşdyrmak üçin işjeň hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini tassykladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026