HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen suratkeşleri Wengriýada türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň sergisine gatnaşýarlar

Sentýabr 01, 2023 | 20:37 |8745
2-nji sentýabrda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde “Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy” taslamasynyň çäginde Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açylar. Bu barada Budapeştde geçirilen Wengriýanyň Milli mejlisinde metbugat ýygnagynda TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Soltan Raýew habar berdi, diýip, guramanyň saýty ýazýar.2-nji sentýabrda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde “Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy” taslamasynyň çäginde Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açylar. Bu barada Budapeştde geçirilen Wengriýanyň Milli mejlisinde metbugat ýygnagynda TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Soltan Raýew habar berdi, diýip, guramanyň saýty ýazýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşigi

2-nji sentýabrda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde “Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy” taslamasynyň çäginde Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açylar. Bu barada Budapeştde geçirilen Wengriýanyň Milli mejlisinde metbugat ýygnagynda TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Soltan Raýew habar berdi, diýip, guramanyň saýty ýazýar.

“Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy” 25-nji awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda Wengriýada geçirilp, ol meşhur wengriýaly şahyr Şandor Petöfiniň dünýä inmeginiň 200 ýyllygyna bagyşlanýar. Döredijilik çäresini gurnaýjylar TÜRKSOÝ halkara guramasy we Wengriýanyň Lakitelek gaznasydyr.

Bu çärä Türki döwletlerinden tanymal 11 suratkeş gatnaşýar. Bu duşuşykda Türkmenistandan iki suratkeş, Suratkeşler bileleşiginiň agzalary - Abdylla Mammetberdiýew we ýurduň Işanguly Işangulyýew dagylar wekilçilik edýär. Ussat suratkeşler beýleki nakgaşlar bilen bilelikde Lakitelek döredijilik lagerinde surat çekdiler. Eserleriň sýužeti Şandor Petöfiniň goşgularynyň manysyna esaslanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026