“Petronas” we “Türkmengaz” Gyýanly şäherçesindäki mekdebi döwrebaplaşdyrdylar


“Petronas Çarigali” kompaniýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki 7-nji orta mekdebi dolulygyna döwrebaplaşdyrdylar. Şu gün – 1-nji sentýabrda mekdebe täze janlanyş bagyşlandy.

Bilelikde ýerine ýetirilen taslamanyň – döwrebaplaşdyrylan mekdebiň açylyşyna “Petronas” kompaniýasynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri, ýerli dolandyryş edaralaryndan adamlar we şäherçäniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

“Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölüminiň baş ýerine ýetiriji direktory Ismadu bin Ismail ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, kompaniýanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen bilelikde durmuş maksatly taslamalary ýerine ýetirmäge meýillidigini mälim etdi. Şeýle hem, ol mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady.

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagyna jaň ýaňlandy. Okuwçylar düýbünden täze görnüşe gelen mekdebe girdiler. Ene-atalar, myhmanlar “Petronas” kompaniýasynyň guran baýramçylyk çärelerine çagyryldy. Şeýle çäreleriň hatarynda aýdym-sazly çykyşlar, ýalyk gapdy, ýüp çekdi, türkmen milli göreşi ýaly milli oýun görnüşindäki sport ýaryşlary bar.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisine, şol sanda ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary berildi. Türkmen milli göreşi boýunça ýeňiji bolan pälwana bolsa, 40 dýuýmlyk telewizor sowgat berildi.

ORIENT news








