Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet gullugy akademiýasy halkara şahadatnamalar bilen sylaglandy

Sentýabr 01, 2023 | 14:52 |8068
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy binagärlik we innowasiýa aýratynlygy taýdan halkara şahadatnamalaryň ikisine mynasyp boldy.Bilimler we talyp ýaşlar gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy binagärlik we innowasiýa aýratynlygy taýdan halkara şahadatnamalaryň ikisine mynasyp boldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy binagärlik we innowasiýa aýratynlygy taýdan halkara şahadatnamalaryň ikisine mynasyp boldy.

Akademiýanyň 600 diňleýjä niýetlenen binalar toplumynyň umumy meýdany ýedi gektara barabardyr. Baş bina ýokary amatlyklary bolan dürli okuw otaglaryny, maslahatlary geçirmek üçin zallary, onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen otaglary, kompýuter we lingafon, internet otaglaryny, kitaphanany, muzeýi, şeýle hem professor-mugallymlar düzümi üçin niýetlenen iş otaglaryny, beýleki degişli otaglary öz içine alýar. Olaryň ählisi döwrebap enjamlar, şol sanda interaktiw displeýler bilen üpjün edildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň düzümine 50 müň kitaby saklamaga niýetlenen kitap gaznasy bolan kitaphana girýär. Bu ýerde 60 orunlyk okalga zaly, internet zallary, döwürleýin neşirler hem-de täze neşir edilen kitaplar üçin niýetlenen zallar ýerleşýär. Şeýle hem içki elektron kitaphana ulgamy göz öňünde tutulypdyr.

Açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “DUISBURG ESSEN” uniwersitetiniň “Iň gowy binagärlik” şahadatnamasyny akademiýanyň rektoryna şu uniwersitetiň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosin dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

GFR-iň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi professor Harald Apel akademiýanyň rektoryna şu institutyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.

Akademiýanyň düzüminde iki fakultet — döwlet dolandyryş hem-de hünär ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra — döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026