Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze bilim edaralarynyň açylyşyna gatnaşdy

Sentýabr 01, 2023 | 12:56 |10572
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Çeşme: TDH

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamdow ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy.

foto2.jpg

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow açylyş toý bagyny kesdi we atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdy.

Şeýle-de döwlet Baştutany Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Şu gün – 1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde başga-da birnäçe umumybilim berýän orta mekdepleri we çagalar baglary açyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026