HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samarkand şäherinde VI Aziýa talyplar forumy geçiriler

Awgust 31, 2023 | 21:02 |7877
Aziýa uniwersitetleriniň birleşiginiň başlangyjy bilen esaslandyrylan VI Aziýa talyplar forumy 6-njy sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, bu forumyň geçiriljek ýeri Ş.Raşidow adyndaky Samarkand döwlet uniwersiteti bolar we Merkezi Aziýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň 30 ýokary okuw mekdebinden 200-den gowrak döredijilik ýaşlarynyň wekilini birleşdirer.Aziýa uniwersitetleriniň birleşiginiň başlangyjy bilen esaslandyrylan VI Aziýa talyplar forumy 6-njy sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, bu forumyň geçiriljek ýeri Ş.Raşidow adyndaky Samarkand döwlet uniwersiteti bolar we Merkezi Aziýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň 30 ýokary okuw mekdebinden 200-den gowrak döredijilik ýaşlarynyň wekilini birleşdirer.
Çeşme: yuz.uz

Aziýa uniwersitetleriniň birleşiginiň başlangyjy bilen esaslandyrylan VI Aziýa talyplar forumy 6-njy sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, bu forumyň geçiriljek ýeri Ş.Raşidow adyndaky Samarkand döwlet uniwersiteti bolar we Merkezi Aziýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň 30 ýokary okuw mekdebinden 200-den gowrak döredijilik ýaşlarynyň wekilini birleşdirer.

Aziýa talyplar forumy, Russiýanyň we Aziýanyň serhetüsti giňişliginde ýaşlar bilen gatnaşyklaryň ösmegine, ýaş nesillere däp bolan milli medeniýetlere, olaryň taryhyna, häzirki ýagdaýyna seresaply garaýyşy döretmek, hem ünsi çekmek şeýle-de ýaşlaryň halkara medeni, ynsanperwer, bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, forumyň esasy mowzuklaryndan biri Merkezi Aziýa halklarynyň umumy medeni we taryhy mirasyny öwrenmek we gorap saklamak bolar. Maslahatyň çäginde ylmy we jemgyýetçilik talyp taslamalary, şeýle hem milli medeniýetler festiwaly bolar, bu ýerde her delegasiýa döredijilik üstünliklerini görkezerler.

Aziýa talyplar forumy 2012-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýanyň halklarynyň gadymy taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly ajaýyp ýerlerde geçirilýär. Birinji forum Altaý döwlet uniwersitetiniň esasyndaky Gorny Altaýda, iň soňky forum bolsa 2021-nji ýylda Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň goldawy bilen Issyk-Kul kölüniň kenarynda geçirildi. 10 ýyl bäri bu ýaşlar taslamasyna Aziýadan we Russiýadan bir ýarym müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Forumyň çäginde Samarkandda Aziýa uniwersitetleriniň birleşiginiň agzalarynyň - 26 uniwersitetiň rektorlarynyň utgaşdyryjy ýygnagyny hem geçiriler. Umuman, birleşme häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň 96 uniwersitetini öz içine alýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026