HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gadjetlere zarýad bermek ukyby bolan oturgyçlar Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda Hançžou şäherinde peýda boldy

Awgust 31, 2023 | 13:11 |17159
23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Hançžou şäherinde (Hytaý) şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täze amatlyklar peýda boldy. Hususan-da, seýilgählerde we meýdançalarda enjamlaryňyza simli ýa-da simsiz zarýad berip boljak oturgyçlar oturdyldy. Bu barada "Ženmin žibao" ýazýar.23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Hançžou şäherinde (Hytaý) şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täze amatlyklar peýda boldy. Hususan-da, seýilgählerde we meýdançalarda enjamlaryňyza simli ýa-da simsiz zarýad berip boljak oturgyçlar oturdyldy. Bu barada "Ženmin žibao" ýazýar.
Çeşme: sb.by

23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Hançžou şäherinde (Hytaý) şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täze amatlyklar peýda boldy. Hususan-da, seýilgählerde we meýdançalarda enjamlaryňyza simli ýa-da simsiz zarýad berip boljak oturgyçlar oturdyldy. Bu barada "Ženmin žibao" ýazýar.

Oturgyçlar zarýad berijileri energiýa bilen üpjün edýän gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Her oturgyçda iki sany USB porty we iki sany simsiz zarýad beriji enjam bardyr. Ulanyjylar el telefonlaryny, planşetlerini ýa-da beýleki enjamlaryny birikdirip, ýörite ekranda zarýad derejesine gözegçilik edip bilerler.

Bu oturgyçlar Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda Hançžou şäheri üçin ýeke-täk täze üýtgeşme däldigini bellemeli. Şeýle hem şäherde, bir ýuana programma arkaly bron edip bolýan talap edilýän ýolagçy gatnawy, golografiki penjireleri bolan Aziýa oýunlary üçin ýörite otlylar we umumy ulanmak üçin welosipedler, "bulut awtobusy" ýaly hyzmatlar bilen Aziýa oýunlarynyň tematiki dizaýny bolan transport ulgamyny hem kämilleşdirildi. Şeýle hem, Aziýa oýunlarynyň şekilleri ýol yşklarynda peýda boldy.

Hançžou, şäher hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we Aziýa oýunlarynyň üstünlikli bolmagy üçin amatly şäher gurşawyny döretmäge çalyşýar. Bu bolsa şäherde innowasiýa ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösmegine goşant goşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026