HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OPEC, CNPC we “Dragon Oil” Aşgabatda geçiriljek halkara nebit-gaz maslahatyna gatnaşarlar

Awgust 31, 2023 | 14:11 |10477
Aşgabatda şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.Aşgabatda şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.
Çeşme: Turkmen Forum

Aşgabatda şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” (OGT-2023) atly halkara maslahata we sergä taýýarlyk görülýär.

Häzirki wagtda dünýäniň 20 döwletinden 150-den gowrak wekiliýet bu foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Forumda iri energetika kompaniýalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary çykyş ederler. Olaryň hatarynda Inženerler we nebitçiler jemgyýetiniň (SPE) prezidenti Medhat Kamal, “Baker Hughes” kompaniýasynyň GDA we Russiýa boýunça edarasynyň prezidenti Ýelena Akolsewa, “GHG Sat” kompaniýasynyň prezidenti Stefan Jermeýn, “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktory Ali Raşid Al Jarwan, Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) Baş direktory Çen Huaýlun, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-prezidenti Jasper Peýjs we başga-da birnäçe halkara energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary çykyş ederler.

Halkara mslahatyň plenar mejlisinde Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) nebit gözlegleri bölüminiň başlygy Behruz Baýkalizade şeýle hem, BMG-niň Durnuky energetika bölüminiň direktory Dario Liguti çykyş eder.

9.jpg

Maslahatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda täze maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar. Bu taslamalar esasan, ägirt uly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň geljekki tapgyrlary, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek, gaýtadan dikeldilýän energetika bilen baglanyşyklydyr. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň ekologiýa taraplaryna, metan zyňyndylarynyň derejesini peseltmek meselelerine maslahatda aýratyn üns berler.

Şeýle hem, nebit-gaz maslahatynyň çäklerinde halkara sergi hem guralar. Oňa nebit-gaz we hyzmat ediş kompaniýalarynyň 50-dan gowragynyň gatnaşjakdygy tassyklanyldy. Şolaryň hatarynda “Dragon Oil”, CNPC, “Petronas”, PEL, “Honhua”, “Rosen Group”, “Sumitomo”, “Yug-Neftegaz”, “Tatneft”, ENI, “Rönesans”, “Schlumberger”, “Транснефть”, “Интерпайп”, KAMAZ we beýleki kompaniýalar bar.

12.jpg

Şu gezekki “OGT-2023 EXPO” sergisiniň öňkülerden tapawutly aýratynlygy, onda aýratyn tanyşdyryş meýdançasy dörediler. Onuň kömegi bilen kompaniýalar özleriniň hödürleýän önümleri we hyzmatlary bilen bu ýere gelýänlere giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik alarlar. Bu öz gezeginde, hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň habardarlygyny ýokarlandyrmaga şert döreder.

“Dragon Oil”, CNPC, “PEL Limited”, “Baker Hughes”, “Yug-Neftegaz”, “Hyundai Engineering”, “Mitro International”, ENI we “Schlumberger” kompaniýalary Aşgabatda geçiriljek “OGT-2023” forumyna resmi hemaýatkärlik etjekdiklerini tassykladylar.

Guramaçylar şu gezekki maslahata we sergä ozalkydakydan has köp wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagyna garaşýarlar. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga şert dörediler.

11.jpg

Maslahat däp bolan we onlaýn görnüşde utgaşykly geçiriler. Guramaçylar bellige alnan gatnaşyjylara wiza ýardamyny bererler. Halkara foruma gatnaşmak isleýänler 16-njy oktýabra çenli özlerini hasaba aldyryp bilerler.

Halkara nebit-gaz forumy baradaky giňişleýin maglumaty şu salgy boýunça alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026