HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oleg Kononenko älemde bolmagynyň dowamlylygy boýunça rekord goýmaga taýynlanýar

Awgust 30, 2023 | 15:35 |9351
Ýyldyzlar şäherçesinde uçuşdan öň taýýarlyk görmek üçin Baýkonur kosmodromyna giden MKS-70/71 ekspedisiýasynyň esasy we ätiýaçlyk ekipažlaryny ugratmak dabarasy geçirildi. «Soyuz MS-24» älem gämisiniň uçurylyşy 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.Ýyldyzlar şäherçesinde uçuşdan öň taýýarlyk görmek üçin Baýkonur kosmodromyna giden MKS-70/71 ekspedisiýasynyň esasy we ätiýaçlyk ekipažlaryny ugratmak dabarasy geçirildi. «Soyuz MS-24» älem gämisiniň uçurylyşy 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.
Çeşme: MIR 24

Ýyldyzlar şäherçesinde uçuşdan öň taýýarlyk görmek üçin Baýkonur kosmodromyna giden MKS-70/71 ekspedisiýasynyň esasy we ätiýaçlyk ekipažlaryny ugratmak dabarasy geçirildi. «Soyuz MS-24» älem gämisiniň uçurylyşy 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ekspedisiýanyň serkerdesi we «Soýuz MS-24» älem gämisi bäşinji gezek kosmosa uçýan Türkmenistanda doglan we Türkmenistanyň at gazanan Gahrymany Oleg Kononenko. Onuň bort inženerleri Nikolaý Çub we Amerikaly astonawt Loral O'Hara. Ätiýaçlyk ekipažynyň düzüminde kosmonawt Alekseý Owçinin we Amerikaly Treýsi Daýson bar.

Kosmonawtlary ugratmak üçin olaryň garyndaşlary we dostlary, şeýle hem Roskosmosyň we Yu.A. Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş Merkeziniň ýolbaşçylary geldiler.

Kosmonawtlar awtobusa münmezden ozal gysga brifing berdiler we meýilnamalary we uçuşdan garaşýan zatlary barada gürrüň berdiler.

«Bizde 60-dan gowrak synag geçirildi, şolardan ýedisi täze. Açyk äleme dört gezek çykmak meýilleşdirilýär we ýük gämileri ýeterlik bolar. Orbitada köp ekipaž göreris diýip umyt edýärin, sebäbi azyndan adamly üç SpaceX, iki «Soýuz»-a garaşýarys», diýip Oleg Kononenko aýtdy.

Bu ekspedisiýa Oleg Kononenko üçin aýratyn bolar, sebäbi ol rus kosmonawtlarynyň arasynda älemde geçiren umumy wagty boýunça rekord goýar. Uçuşy 375 gün dowam eder, şondan soň älemde müň gije-gündizden gowrak netije bilen Ýere gaýdyp geler.

Baýkonurda ekipažlar uçuşa taýýarlygyň soňky tapgyryny geçerler.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doglan we orta mekdebi tamamlan. Soňra ol Çärjewiň awiasiýa topary birleşmesiniň awiatehniki bazasynda işledi. Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada, Altyn Aý altyn medalyna, Türkmen döwletine eden hyzmatlary üçin «Prezidentiň ordeni» bilen sylaglandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026