HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda geçirilýän ählumumy sammite gatnaşýarlar

Awgust 29, 2023 | 18:03 |8093
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýarlar. 28 – 30-njy awgustda geçirilýän sammitde häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanar.Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýarlar. 28 – 30-njy awgustda geçirilýän sammitde häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanar.
Çeşme: tatar-inform.ru

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýarlar. 28 – 30-njy awgustda geçirilýän sammitde häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy “ORIENT-e” habar berdi.

Sammite Liwiýa, Senegal, Liwan, Eýran, Kamerun, Täjigistan, Somali ýaly 30 töweregi döwletden ýaşlaryň işleri boýunça edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

foto2.jpg

Şeýle hem sammitiň çäklerindäki çäreler Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretariatynyň, Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň (КОМСТЕХ), Yslamyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek boýunça halkara ylmy-barlag merkeziniň (ИРСИКА) wekilleri gatnaşýarlar.

Sammitiň çäklerinde, sagdyn maşgala gymmatlyklaryny ösdürmek, dowamly bilim, şahsyýet goraglylygy, birek-birege düşünişmek we hormat goýmak, halklaryň arasyndaky dostluk, milli özboluşlylygy bilmek ýaly temalara bagyşlanan mejlisler geçiriler.

Onuň çäklerinde, yslam dünýäsiniň ýurtlarynda çagalary we ýaşlary terbiýelemek işinde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026