Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan arzalary kabul etmegiň senesi belli boldy


Russiýa Federassiýasynyň hökümetiniň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin kwotasynyň çäginde 1-nji sentýabrda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän daşary ýurtlular, şol sanda türkmenistanly raýatlar üçin arzalary kabul etmek başlaýar. Bu barada "Aşgabatdaky Rus öýi" özüniň telegram kanalynda habar berdi.
Hasaba alyş maglumat ulgamyna giriş salgysynda amala aşyrylýar: https://education-in-russia.com/
Surat, daşary ýurt pasportynyň skanirlenen nusgalaryny, bilim resminamasyny goşup, anketany doldurmaly we doldurylan anketany portal arkaly elektron anketany barlamak üçin: «Russiýanyň daşary ýurt institutyna, ýagny Rossotrudnichestvo - red» ibermeli.
Russiýa Federassiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewa ORIENT-iň habarçysyna kwota ýerleriniň sany we giriş meýilnamasy 15-nji sentýabrda kesgitlener diýip maglumat berdi.
Ýurtlarda dalaşgärleri saýlamak bilen baglanyşykly soraglar üçin Rushyzmatdaşlyk agentliginiň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryna ýa-da Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalaryna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.
2024-2025-nji okuw ýylynda okamak isleýänler, goşmaça soraglary Russiýada bilim meseleleri boýunça Bilim, ylym we medeniýet ministrliginiň poçta salgysyna tkm2024@mail.ru ýa-da https://t.me/kwotaturk telegram kanalyna iberip bilerler.
Mundan başga-da, sentýabryň ortalaryndan başlap, dalaşgärler üçin duşuşyklar Aşgabatdaky Rus öýünde geçiriler we şol döwürde Russiýada okamagyň mümkinçilikleri, giriş şertleri bilen tanyşarlar we soraglaryna jogap alyp bilerler.
Arzalar 1-nji noýabrda kabul ediler.
2023-2024-nji okuw ýylynda 250 türkmen raýatynyň Russiýada mugt bilim almak mümkinçiligini alandygyny bellemek gerekdir.
ORIENT news








