HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň täzelenen tertibi tassyklanyldy

Awgust 29, 2023 | 15:08 |11322
Halkara tejribä laýyklykda, raýatlara notarial hyzmatlara deň elýeterliligi üpjün etmek we notarial işgärleriň arasynda döräp biljek esassyz bäsdeşligiň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Adalat ministrligi tarapyndan notariuslaryň sany azaldylýar.Halkara tejribä laýyklykda, raýatlara notarial hyzmatlara deň elýeterliligi üpjün etmek we notarial işgärleriň arasynda döräp biljek esassyz bäsdeşligiň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Adalat ministrligi tarapyndan notariuslaryň sany azaldylýar.
Çeşme: norma.uz

Türkmenistanyň Adalat ministrligi Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň täzelenen tertibini tassyklady. Onuň Tertibi ministrligiň hukuk-maglumatlar portalynda köpçülige ýetirildi.

Halkara tejribä laýyklykda, raýatlara notarial hyzmatlara deň elýeterliligi üpjün etmek we notarial işgärleriň arasynda döräp biljek esassyz bäsdeşligiň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, Adalat ministrligi tarapyndan notariuslaryň sany azaldylýar.

Täze Tertibe laýyklykda, Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýat merkezlerindäki şäherler boýunça – 30 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi, etrap hukukly şäherler boýunça - 25 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi, etraplar boýunça - 20 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi kesgitlenendir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda geçirilen Ilat ýazuwynyň netijelerinden çen tutsaň, Aşgabatda 1,03 million ilat üçin 34 töweregi hususy notarius öz hyzmatlaryny hödürläp bilýär.

Bir hususy notariusyň wezipesi aýda 300 – 400 notarial hereketi möçberinde kesgitlenip, onuň edarasy degişli şäheriň ýa-da ilatly ýeriň çäginden daşynda bolmaly däldir.

Şeýle hem, hususy notariuslaryň sany olaryň zerurlygyny, ilatly nokatlaryň biri-birinden uzakda ýerleşýändigini we olaryň arasynda jemgyýetçilik awtoulag gatnawynyň azdygyny göz öňünde tutup, täzeden kesgitlenilip bilner.

Notaruslar dürli resminamalaryň, geleşikleriň we beýlekileriň hakykylyga hukuk taýdan kepil geçýän hünärmenler bolup durýar. Bu wezipede işlemek üçin hukuk ugrunda ýokary bilimiň, iş tejribeliginiň bolmagy, hünär synagyndan üstünlikli geçilmegi möhümdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026