“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy


“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik birleşmeleriň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda, Pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamyny ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem, Pudagara toparynyň düzümine girýän ygtyýarly edaralar tarapyndan Ulgamy ornaşdyrmakda ösüş derejeleri barada çykyş edilip, özara pikir alşyldy. Mundan başga-da, mejlise Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri çagyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk namalary has-da kämilleşdirmegi hem-de pudagara elektron aragatnaşygy sazlamak barada çykyşlar edildi.
Şeýle hem, mejlisde “Eksport-import amallary üçin bir penjire” taslama resminamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ileri tutulýan meseleler bellenildi we bu ugurda anyk çözgütler kabul edildi.
ORIENT news








