HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda Türkmenistanyň täze konsulyna garaşýarlar

Awgust 29, 2023 | 00:45 |4254
Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkin, geçen ýylyň awgust aýyndan
bäri Astrahanda Türkmenistanyň konsulynyň wezipesini ýerine ýetiren Nury
Golliýew bilen iş duşuşygynyň çäginde diplomaty täze – Gyrgyzystanda
Türkmenistanyň ilçisi wezipä bellenilmegi bilen gutlady.Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkin, geçen ýylyň awgust aýyndan
bäri Astrahanda Türkmenistanyň konsulynyň wezipesini ýerine ýetiren Nury
Golliýew bilen iş duşuşygynyň çäginde diplomaty täze – Gyrgyzystanda
Türkmenistanyň ilçisi wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Çeşme: astrobl.ru

Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkin, geçen ýylyň awgust aýyndan bäri Astrahanda Türkmenistanyň konsulynyň wezipesini ýerine ýetiren Nury Golliýew bilen iş duşuşygynyň çäginde diplomaty täze – Gyrgyzystanda Türkmenistanyň ilçisi wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

1.jpg

Sebitiň ýolbaşçysy Nury Golliýewe täze işinde üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem gubernator oňa Astrahan welaýatynyň halkara hyzmatdaşlaryndan biri bolan Türkmenistan bilen köp ugurly hyzmardaşlygy berkitmekde eden goldawy we ýardamy üçin minetdarlyk bildirdi.

«Biziň dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalarymyz bar. Olar «Demirgazyk- Günorta» ulag geçelgesiniň, gämi gurluşyk, syýahatçylyk, bilim we medeniýet bilen baglanşyklydyr. Türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde olary üstünlükli durmuşa geçirjekdigimize men ynanýaryn», — diýip Igor babuşkin nygtady.

2.jpg

Nury Gölliýew öz gezeginde Astrahan welaýatynyň gubernatoryna we sebit häkimýetine eden ýardamlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, ol ähli öňde goýlan maksatlaryň gazanyljakdygyny belledi.

28-nji awgustda «Kaspi möwsümleri» klassiki sungatyň halkara festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň güniniň geçýändigini bellemelidiris. Sebite beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi taýýarlamak üçin Aşgabatdan kino topary geldi. Geljek ýyl Astrahan welaýatynda türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çäreler geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026