HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ýolbaşçylary bilen bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlygyň gidişini ara alyp maslahatlaşdy

Awgust 28, 2023 | 23:53 |6536
Galla ekişine pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň esasy mowzugy boldy.Galla ekişine pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň esasy mowzugy boldy.
Çeşme: tv.online.tm

Galla ekişine pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň esasy mowzugy boldy.

Oba hojalygy boýunça jogapkär ýolbaşçylar ýerlerdäki ýagdaý, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda geçirilýän sürüm we tekizleýiş işleri, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýarlamak boýunça görülýän zerur çäreler barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek üçin welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar – diýlip, Döwlet teleradioýaýlymlarynyň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.

Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkimlere bugdaý ekişiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026