Türkmenabatda ýerleşýän kärhana künji ýagyny öndürýär


Telekeçi zenan Göwher Jumaýewa Lebap welaýatynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen 5 gektar ýer böleginde ýetişdirýän künji hasylyndan “Nurber” haryt nyşanly künji ýagyny öndürýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän kärhanada künji ýagynyň ýylda 5 tonnadan gowragy öndürilip, alyjylara ugradylýar.
Ýerli ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen künji hasyly gönüden- göni kärhänä önümçiliginde peýdalanylýar. Zawodyň üznüksiz işlemegi üçin telekeçi zenan ýerli daýhanlardan hem ýokary hilli künji hasylyny satyn alýar – diýip, “Rysgal” gazeti ýazýar.
Ýörite gaplanan önüm ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar. Künji ýagynyň düzümi ynsan saglygyny berkitmek üçin dürli maddalara baý bolup, ol aşgazan tarapyndan çalt özleşdirilýär.
ORIENT news








