HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda döredijilik çäresi geçirildi

Awgust 28, 2023 | 19:48 |7746
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çeşme: TDH

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Paýtagt seýilgähinde meşhur artistler we aýdymçylar Pyragynyň we häzirki zaman şahyrlarynyň goşgularyna ýazylan aýdym-saz eserlerinden ybarat baýramçylyk maksatnamasyny hödürlediler. Bu çärä ýazyjylar we medeniýet işgärleri hem gatnaşdy. Olar öz çykyşlarynda ynsanperwerligi we watansöýüjiligi wagyz eden halk şahyrynyň edebi mirasynyň we döredijiliginiň dowamly gymmatyny aýratyn bellediler.

Şeýle hem, dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze goşgusy ýaňlandy.

“Magtymguly Pyragy – ebedi şahyr. Onuň şeýle meşhurlygyň sebäbi, eserleriniň hiç kimi biperwaý goýmaýanlygynda. Şahyryň döredijiligi aýratyn joşgunlylygy, çuňňur mazmuny, Watana, halkyna bolan söýgüsi bilen millionlarça okyjyny özüne çekýär” – diýip, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çäreleri dünýäniň beýleki ýurtlarynda - Azerbaýjanda, Russiýada, Özbegistanda, Türkiýede badalga aldy. 2024-nji ýylda giňden belleniljek beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni merkezlerde, milli kitaphanalarda, ÝOM-lerde sergiler, ylmy maslahatlar, tegelek stollar we çekişmeler geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026