Nanotehnologiýalar Wenesiýadaky gadymy buthanany dikeltmäge kömek etdi


Hytaýly we Italiýaly alymlar medeni miras ýadygärlikleri üçin ulanylýan zeper ýeten mermerleri dikeltmegiň täsirli usulyny tapdylar. Olar usulyny XVII asyrda gurlan Wenesiýadaky gadymy buthananyň fasadyna ulandylar. Bu gözleg Science China Technologies Science žurnalynda çap edildi.
Deli Skalzi ýa-da Santa Mariýa di Nazaret buthanasy, dini «Aýagy ýalaňaç karmelitler ordeni» tarapyndan gurlan Wenesiýa barok stilindäki binagärlik ýadygärligidir. Buthananyň fasadyny bezemek üçin iň gymmat we ýokary hilli daş görnüşlerinden biri bolan karrar mermeri ulanyldy. Şeýle-de bolsa, mermer dereje tapawudy, ýokary çyglylyk, duzly howa we deňiz pürküçleri sebäpli ýykylmaga sezewar boldy.
Sian şäherindäki (Şensi welaýaty) Demirgazyk-Günbatar Politehniki Uniwersitetiniň we Florensiýadaky Milli Gözleg Geňeşiniň Geologiýa ylymlary we Ýer baýlyklary institutynyň alymlary ýokary netijeliligi görkezen mermeri berkitmek üçin iki basgançakly usuly döretdiler.
Ilki bilen, 10 nanometrden az bölejigi bolan nanokremnezem gatlagy bilen daş örtüldi. Bu material 5 santimetr çuňluga aralaşdy we daşyň berkligini ýokarlandyrdy. Soňra bolsa daşyň gatylygyny we mehaniki aýratynlyklaryny ýokarlandyrýan himiki birleşme bolan tetraetoksizilan bilen örtüldi.
Alymlar öz usulyny patentlediler we deli Skalzi buthanasynyň fasadynda synagdan geçirdiler. Olar takmynan 100 inedördül metr mermeri işläp taýýarladylar we netijeleri beýleki dikeldiş usullary bilen deňeşdirdiler. Olar usulynyň diňe bir mermeriň fiziki aýratynlyklaryny gowulaşdyrman, eýsem tebigy reňkini we ýalpyldawuklygyny hem saklandyklaryna göz ýetirdiler.
Hünärmenler bu usulyň dünýädäki beýleki mermer ýadygärlikleri, mysal üçin Rimdäki Panteon we Traýan sütüni, Londondaky Wiktoriýa ýadygärligi we başgalary dikeltmek üçin ulanylyp bilinjekdigini beýan etdiler. Şeýle hem, olar usulyň ekologiki, tygşytly we daşky gurşaw üçin howpsuzdygyny bellediler.
ORIENT news








