HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşlaryň resmi gimnini hödürledi

Awgust 28, 2023 | 16:15 |14925
Hançžouda 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda guramaçylar ýaryşlaryň resmi gimnini hödürlediler. Ol “Biziň paýlaşýan söýgimiz” atly dostlugyň, parahatçylygyň we sport ruhynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan aýdym boldy.Hançžouda 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda guramaçylar ýaryşlaryň resmi gimnini hödürlediler. Ol “Biziň paýlaşýan söýgimiz” atly dostlugyň, parahatçylygyň we sport ruhynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan aýdym boldy.
Çeşme: sport.kg

Hançžouda 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli geçiriljek Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda guramaçylar ýaryşlaryň resmi gimnini hödürlediler. Ol “Biziň paýlaşýan söýgimiz” atly dostlugyň, parahatçylygyň we sport ruhynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan aýdym boldy.

Şeýle hem sylaglamak üçin gül desseleri, medallar üçin podnoslar we münber hödürlendi.

Bu atributlaryň hemmesi Hançžou medeniýetiniň lotoslar, merjenler we aýyň yşygy ýaly däp bolan böleklerini döwrebap tehnologiýalar we materiallar bilen sazlaşdyrýan stilde ýerine ýetirilen.

Guramaçylar Aziýa oýunlarynyň eýesi bolan şäher hökmünde Hançžounyň ajaýyplygyny we gözelligini görkezmek isleýändiklerini beýän etdiler. Her dört ýyldan geçirilýän Aziýanyň iri sport wakasy ilkibaşda 2022-nji ýyla meýilleşdirilýärdi. Ýöne Covid-19 pandemiýasy sebäpli ony 2023-nji ýyla geçirdiler.

Oýunlaryň geçirilmeli esasy ýeri Hançžou – Çžeszýanyň paýtagty we Hytaýyň iň gözel we ösen şaherlerinden biri bolar. Hançžoudan başga-da oýunlar Ninbo, Wençžou, Szinhua, Şaosin we Huçžouda geçer. Hançžoudaky Aziýa oýunlaryna 45 ýurtdan 12 müňe golaý, şol sanda wekiliýeti 104 adamdan ybarat bolan Türkmenistandan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hançžouda Aziýa oýunlary tutuş sebit we dünýä sporty üçin açyk we ýatdan çykmajak waka bolar. Olar guramaçylygyň, howpsuzlygyň we ekologiýanyň ýokary derejesini görkezip, şeýle hem Aziýa ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge kömek eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026