Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Awgust 28, 2023 | 09:09 |3365
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: newsmaker.md

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Düýn – 27-nji awgustda Moldowanyň iň uly baýramy mynasybetli paýtagt şäher Kişinýowyň baş meýdançasynda baýramçylyk çäreleri geçirildi. 32 ýyl mundan öň, bu meýdançada ýüz müňlerçe adam ýurduň özbaşdaklygyny yglan etmek üçin ýygnanypdylar.

ORIENT news