HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilkinji Russiýa – Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

Awgust 27, 2023 | 15:40 |11736
Şenbe güni Gülüstan welaýatynyň Gümrük müdirliginiň baş müdiri Şahriar
Şahriari žurnalistlere Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük
otlusynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesinden Eýrana
geçip, ýurduň günortasyndaky Bandar Abbas portuna tarap ýola düşendigini aýtdy
– diýip, Mehr habarlar agentligi habar berdi.Şenbe güni Gülüstan welaýatynyň Gümrük müdirliginiň baş müdiri Şahriar
Şahriari žurnalistlere Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük
otlusynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesinden Eýrana
geçip, ýurduň günortasyndaky Bandar Abbas portuna tarap ýola düşendigini aýtdy
– diýip, Mehr habarlar agentligi habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Şenbe güni Gülüstan welaýatynyň Gümrük müdirliginiň baş müdiri Şahriar Şahriari žurnalistlere Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesinden Eýrana geçip, ýurduň günortasyndaky Bandar Abbas portuna tarap ýola düşendigini aýtdy – diýip, Mehr habarlar agentligi habar berdi.

Günorta Ural demir ýolunyň Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden ýola çykyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän 42 konteýnerli otly Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden geçdi.

Otly elektrik enjamlaryny we reňkli metal alyp barýar.

Eýranyň resmisiniň aýtmagyna görä, gümrük nyrhnamalarynyň peselmegi netijesinde harytlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça daşamagyň bahasy, takmynan iki esse azaldy.

Ozal Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden "Demirgazyk-Günorta" HUG boýunça Hindistana ilkinji konteýner otlusy iberilipdi.

Çelýabinsk oblastynyň ýolbaşçysy Alekseý Teksler Çelýabinskde ýükleri birleşdirmek bilen Gazagystanyň üstiünden Türkmenistana we Eýrana ýokary tizlikli ýük otlylarynyň gatnawyny ýola goýmak meselesiniň çözülýändigini habar berdi.

Bu ugur boýunça Ýewropa hindi, hytaý we gündogar Aziýa önümleriniň hem daşamagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026