HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýädäki iň uly wagt kapsulasy diňe 6 müň ýyldan soň açylar

Awgust 27, 2023 | 13:21 |12513
"Siwilizasiýanyň gubury" diýlip atlandyrylýan adamzat taryhynda iň iri wagt kapsulasy diňe 6000 ýyldan soň - 8113-nji ýylda açylar. Geljekki siwilizasiýalara geçen asyryň 30-njy ýyllarynda adamlaryň nähili ýaşandyklary barada gürrüň bermeli diýseň uly ammar 1940-njy ýylda döredilipdi."Siwilizasiýanyň gubury" diýlip atlandyrylýan adamzat taryhynda iň iri wagt kapsulasy diňe 6000 ýyldan soň - 8113-nji ýylda açylar. Geljekki siwilizasiýalara geçen asyryň 30-njy ýyllarynda adamlaryň nähili ýaşandyklary barada gürrüň bermeli diýseň uly ammar 1940-njy ýylda döredilipdi.
Çeşme: damninteresting.com

"Siwilizasiýanyň gubury" diýlip atlandyrylýan adamzat taryhynda iň iri wagt kapsulasy diňe 6000 ýyldan soň - 8113-nji ýylda açylar. Geljekki siwilizasiýalara geçen asyryň 30-njy ýyllarynda adamlaryň nähili ýaşandyklary barada gürrüň bermeli diýseň uly ammar 1940-njy ýylda döredilipdi.

Bu “habarnama” 65 ýyl mundan ozal kebşirlenen poslamaýan polat gapynyň aňyrsynda, Oglethorpe uniwersitetiniň (ABŞ, Jorjiýa) Fibe Hearst zalynyň ýerzemininde saklanýar. Habarnama gubury döretmek boýunça işler 1937-nji ýylda başlandy. Ol faraonlaryň guburlary ýaly proýektirlenendir, emma alymlar otaga suw geçmezliginiň aladasyny etdiler. Munuň üçin olar ozalky howzy gaýtadan diwarlaryny farfor emal plitalar bilen örtüp, ýörite çyglylyga çydamly şepbik, poluna bolsa beton guýdular.

01(2).jpg

Bu taslama baradaky pikiri 1936-njy ýylda Oglethorpe uniwersitetiniň prezidenti doktor Tornwell Jakobs öňe sürdi. Şonda onuň özi taryhy öwrenýärdi we sapak berýärdi. Alym häzirki nesliň gadymy siwilizasiýalar hakda az bilýänine haýran galypdy. Şonuň üçin ol geljekde siwilizasiýamyzy öwrenjekler üçin bu işi aňsatlaşdyrmak kararyna geldi we "Siwilizasiýanyň gubury" diýen at bilen wagt kapsulasyny döretmegi karar etdi.

Şeýlelik bilen, Tornwell Jakobs öz kömekçileri bilen ammarda häzirki zaman siwilizasiýasy, şeýle hem adamzadyň toplan bilimleri barada giňişleýin maglumatlary ýygnap başlady – ol şol döwür üçin täze bolan "mikrofilm" diýlip atlandyrylýan göterijä resminamalardan ybarat maglumatlary ýükledi.

02(1).jpg

Tekst çeşmelerinden başga-da, kapsula 30-njy ýyllarda meşhur bolan filmler we aýdym-sazly audio ýazgylar, 100 kitap, şeýle hem 1898-nji ýyldan başlap dürli döwürleriň suratlary ýerleşdirildi. Alymyň pikiriçe öz döwrüniň medeniýetini görkezjek dürli artefaktlar hem şol ýere goýuldy. Mysal üçin, şol döwürde meşhur multfilmleriň gahrymany Donald Dakyň heýkeli, çap we tikin maşyny, çaga oýnawaçlary we ş.m. Taslamanyň awtorlary eksponatlary öz garaýşy boýunça saýladylar, şonuň üçin olar 1930-njy ýyllardaky Amerikany takyk görkezmeýär. Geljekki nesil üçin galdyrylan zatlaryň has gowy saklanmagy üçin olar wakum aýna çüýşelere ýerleşdirildi. \

03(2).jpg

Gubur 1940-njy ýylda möhürlenipdi, has dogrusy, onuň poslamaýan polat gapysy dabaraly kebşirlendi. Kapsula biziň eýýamymyzyň 8113-nji ýylynda açylmaly. Pikiriň awtory muny Müsür senenamasynyň döredilmeginden (1936-njy ýylda) 6177 ýyl geçendigi bilen düşündirdi. Tornwell Jakobsyň pikiriçe, biziň siwilizasiýamyz gadymy müsürliler bilen wagt kapsulasyny bellenen wagtda açjak geljekdäki adamlaryň arasynda bolmaly.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026