HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Antarktida ugramazdan ozal polýar lukmanlar bedeniniň bir böleginden jyda düşýär

Awgust 27, 2023 | 11:07 |10367
Polýar gözlegçiler aňzak aýazly uzak gyşyň geçirilmeli Antarktida stansiýasyna iberilmezden ozal gowy taýýarlyk görýärler. Sebäbi, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda ol ýerde kömek ýakyn wagtda gelmez, üstesine-de sowuk howanyň başlanmagy bilen ewakuasiýa etmek has-da kynlaşýar. Antarktidadaky adamlar aslynda diňe özüne bil baglamaly bolýarlar.Polýar gözlegçiler aňzak aýazly uzak gyşyň geçirilmeli Antarktida stansiýasyna iberilmezden ozal gowy taýýarlyk görýärler. Sebäbi, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda ol ýerde kömek ýakyn wagtda gelmez, üstesine-de sowuk howanyň başlanmagy bilen ewakuasiýa etmek has-da kynlaşýar. Antarktidadaky adamlar aslynda diňe özüne bil baglamaly bolýarlar.
Çeşme: hi-news

Polýar gözlegçiler aňzak aýazly uzak gyşyň geçirilmeli Antarktida stansiýasyna iberilmezden ozal gowy taýýarlyk görýärler. Sebäbi, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda ol ýerde kömek ýakyn wagtda gelmez, üstesine-de sowuk howanyň başlanmagy bilen ewakuasiýa etmek has-da kynlaşýar. Antarktidadaky adamlar aslynda diňe özüne bil baglamaly bolýarlar.

Aýratynam uly jogapkärçilik stansiýada ýeke bolan lukmanyň üstüne düşýär. Şonuň üçin ekspedisiýanyň beýleki agzalaryndan tapawutlylykda, ol ýere ugramazdan ozal ol bedeniniň bir agzasyndan geçmeli bolýar.

01.jpg

Gyş möwsümine Antarktida ugraýan ähli lukmanlar appendektomiýany başdan geçirýär, ýagny olar appendiksini kesdirip aýyrtmaly bolýar. Bu çäre köriçegäniň gurçuk görnüşli ösüntgisiniň sowuklamagynyň öňüni alýar. Patologiýanyň ýüze çykma ähtimallygy ömrüň tutuş dowamynda saklanýar we hüjüm islendik wagt, hatda Antarktidadaky stansiýada hem bolup biler. Bu ýagdaýda gyssagly lukmançylyk kömegi berilmeli we adamy halas etmek üçin operasiýa etmeli.

Eger topar agzalarynyň birinde appendisit ýüze çyksa, lukmançylyk kömegi lukman tarapyndan berilýär. Emma, ​​lukmanyň özi kynçylyk çekýän bolsa, onda ýokarda aýdylyşy ýaly, operasiýany özi amala aşyrmaly bolar, Antarktidadan ewakuasiýa köp wagt alýar we käwagt asla mümkin däl. Bu nukdaýnazardan, Antarktida stansiýalary Halkara kosmos stansiýasyndan-da howplurak ýerdir, sebäbi HKS-den birnäçe sagadyň içinde adamy Ýere getirmek bolýar.

02.png

Antarktida gyş möwsümine iberilmezden ozal lukmanlar bilen şeýle “düzgün” 1950-nji we 1961-nji ýyllarda ýüze çykan iki hadysadan soň ähli ýurtlarda diýen ýaly girizildi. Nowolazarew Antarktida stansiýasynda lukman Leonid Rogozow bilen bolup geçen ikinji waka has-da täsirlidir. Duýdansyz ýagdaýda ol köriçegesiniň gurçuk görnüşli ösüntgisiniň sowuklamasyna sataşýar, daşarda bolsa şol wagt güýçli gar tupany turýar. Golaýdaky stansiýalarda uçar ýokdy, şonuň üçin hiç ýerden kömegiň bolmajakdygy bellidi. Appendiks ýarylyp peritonite öwrüldi. Rogozow öz-özüne operasiýa etmeli boldy we ol uzaga çekendigine sertmezden, şowly tamamlandy.

Şeýle-de bolsa, bu wakadan soň polýar lukmanlara Antarktida stansiýasyna gitmezden ozal appendektomiýa edilip başlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026