Hindistan dünýäniň Aýa sapar guraýan dördünji ýurdy!


Ýeriň kosmos taryhynda ilkinji gezek “Wikram” hindi goýberiş modulynyň ýumşak gonuşy amala aşyryldy. Şeýlelikde, Hindistan SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň dördünji "Aý döwleti" boldy. Ýöne iň esasysy, Hindistan Aýyň polýar sebitine gonmagy başaran ilkinji ýurt boldy!
Hindistan 1980-nji ýyllaryň başynda ilkinji emeli hemrasyny üstünlikli uçurmagyň hötdesinden geldi, muňa seretmezden, Hindistan hökümeti aý we mars meýilnamalaryna maýa goýmagyň ýerine, ynsanperwerlik meselelerini ileri tutmak bilen ünsüni derwaýys meseleleri çözmäge gönükdirdi.
Ýurduň esasy wezipesi halkyny aragatnaşyk bilen üpjün etmek we emeli hemralaryň kömegi bilen Ýer barada täze ylmy maglumatlary almak boldy. Diňe ýurduň aýratyn mätäçlik çekýän ýaşaýjylary zerur kömegi alansoň, hökümet beýleki kosmos barlaglaryny maliýeleşdirip başlady.
Şu asyryň başynda hindileriň durmuş derejesi ep-esli gowulaşdy, şunuň bilen birlikde kosmos babatda tehnologiki dereje hem ösdi. 2008-nji ýylda Hindistan “Chandrayaan-1” (Aý gämisi) arkaly Aýa ilkinji kosmos missiýasyny amala aşyrdy.

Missiýanyň çäginde Aýyň daşyndaky orbita zond ugradyldy we Günorta polýar sebitiniň üstüne täsir ediji enjam zyňyldy. Çaknyşyk netijesinde Aý topragy çykaryldy, orbitadaky spektrometr bolsa amerikan LRO hemrasy tarapyndan onuň Aýa paýlanyşy seljerilmezden ozal bu bulutda suwuň bardygyny anyklady.
2019-njy ýylda amala aşyrylan “Çandrayan-2” missiýasy Ýeriň emeli hemrasynyň ýüzüne Aý rowerini eltmekden we “Wikram” goýberiş modulynyň ýumşak gonmagyny üpjün etmekden ybaratdy. “Wikram” Aýyň üstünden 2,1 km belentlikdekä onuň bilen aragatnaşyk ýitdi, gonduryş moduly Aýyň üstüne urlup, heläkçilige uçrady.
2014-nji ýylda Hindistan Mars orbitasyna “Mangalyan” kosmos gämisini çykardy. Deli ýeten sepgidinde durman, öz kosmos stansiýasyny döretmegi, Aýy öwrenmegi, Weneranyň orbitasyna girmegi, hatda Ýupitere zond ibermek mümkinçiligini hem meýilleşdirýär.
Älem giňişligine 14-nji iýulda ugradylan we “Vikram” goýberiş modulynyň Aýa üstünlikli gonmagyny üpjün eden “Çandrayan-3” şu gün Aýa gondy. Onuň gonan ýeri öz döwründe amala aşmadyk “Luna-25” missiýasy üçin saýlanan ýerdir.
Hindistanyň 8 milliondan gowrak ýaşaýjylary göni ýaýlymda “Çandrayan-3” milli ekspedisiýasynyň Aýa gonuşyna uly şatlyk we buýsanç bilen tomaşa etdiler.

ORIENT news








