HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli telewizion wiktorina geçiriler

Awgust 22, 2023 | 00:07 |11182
2024-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Bu sene mynasybetli  medeni, döredijilik we ylmy çäreler Russiýada hem geçiriler. Şahyryň belentden hatyralanýan we döredijiligine hormat goýulýan ýerleriň biri bolan Astrahan oblastynda Magtymgulynyň döredijiligine we ruhy mirasyna bagyşlanan birnäçe çäreler meýilleşdirildi.2024-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Bu sene mynasybetli  medeni, döredijilik we ylmy çäreler Russiýada hem geçiriler. Şahyryň belentden hatyralanýan we döredijiligine hormat goýulýan ýerleriň biri bolan Astrahan oblastynda Magtymgulynyň döredijiligine we ruhy mirasyna bagyşlanan birnäçe çäreler meýilleşdirildi.
Çeşme: orient.tm

2024-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Bu sene mynasybetli medeni, döredijilik we ylmy çäreler Russiýada hem geçiriler. Şahyryň belentden hatyralanýan we döredijiligine hormat goýulýan ýerleriň biri bolan Astrahan oblastynda Magtymgulynyň döredijiligine we ruhy mirasyna bagyşlanan birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Bu mowzuk Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew bilen Astrahan sebitiniň Daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda esasy mowzuklaryň birine öwrüldi. Ministr ýubileý ýylynyň çäginde sebitiň ülkäni öwreniş muzeýinde “Beýik türkmen şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy. Taryh we häzirki zaman” atly pudagara tegelek stoluň geçiriljekdigini aýtdy.

Edebi-sazly agşamlar we şygryýetduşuşyklary bolsa birbada Astrahanyň üç ýerinde - N.K.Krupskaýa adyndaky sebit ylmy kitaphanasynda, Halk medeniýetiniň sebitleýin ylmy we usulyýet merkezinde, şeýle hem W.N.Tatişşew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, bu uniwersitetde "Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy: medeni we gumanitar jähtler" atly tegelek stol geçiriler. Foruma Astrahanyň we Türkmenistanyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem sebitde türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek bilen meşgullanýan "Türkmenistan" jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri gatnaşar. Astrahan oblastynyň milli-medeni jemgyýetleriniň ýaşlar bölümleri hem beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan şygryýet agşamyny gurarlar.

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bardygyny we Priwolžskiý etrabynyň Funtowo obasynda bolsa onuň adyny göterýän mekdebiň bardygyny ýatlatmak isleýäris. Bilim edarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen guruldy.

Bu mekdebiň okuwçylary, W.N.Tatişşew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetin talyplary, şeýle hem Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary Astrahan maksatnamasynyň gyzykly wakalarynyň birine öwrüljek “Dostluk teleköprüsi” telewiktorinasyna gatnaşarlar.

Mundan başga-da, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kinoýazgy topary Magtymguly Pyragy hakynda dokumental film taýýarlamak üçin Astrahana geler. Astrahan metbugaty: “Biz Aşgabatdaky kärdeşlerimize ähli zerur kömegi bereris. Dostlukly Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olary medeniýet we bilim arkaly berkitmek isleýäris” – diýen sözlerini getirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi

19:30 Awgust 05, 2026
ABŞ-nyň 25 ştaty paçlar sebäpli Trampa garşy kazyýete ýüz tutdy

ABŞ-nyň 25 ştaty paçlar sebäpli Trampa garşy kazyýete ýüz tutdy

18:00 Awgust 05, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026