HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylara okuw geçildi

Awgust 25, 2023 | 18:00 |5287
21 – 31-nji awgusty aralygynda gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen, sanly ulgamyň serişdeleriniň ähli mümkinçilikleriniň doly döredilen ýeri bolan, Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ýörite okuw çäresi geçirilýär.21 – 31-nji awgusty aralygynda gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen, sanly ulgamyň serişdeleriniň ähli mümkinçilikleriniň doly döredilen ýeri bolan, Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ýörite okuw çäresi geçirilýär.
Çeşme: customs.gov.tm

21-31-nji awgusty aralygynda gümrük edalarynda jogapkär ýolbaşçy wezipeler üçin ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen, sanly ulgamyň serişdeleriniň ähli mümkinçilikleriniň doly döredilen ýeri bolan, Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ýörite okuw çäresi geçirilýär. Bu barada Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Bu ýörite okuw çäresi Gullugyň düzüminde jogapkär wezipelere harby gullukçylary köpugurly taýýarlamak, täze kabul edilýän kanunçylyk namalary çuňňur düşündirmek hem-de raýatlara edilýän hyzmatyň hil derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrylmaly işleri düşündirmek maksady bilen guralýar.

Ýörite tassyklanan meýilnama esasynda geçirilýän okuw sapaklary halypa gümrük işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Bu okuw çäresiniň dowamynda geçirilýän sapaklar türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň syýasy ähmiýeti, kanunçylyk-hukuk özgertmeleri, Döwlet gümrük gullugynyň işiniň esasy ýörelgeleri, «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti, Gümrük edaralarynda iş dolandyryşy guramak, Daşary ykdysady geleşik we olaryň görnüşleri, Gümrük edaralaryna tölenýän gümrük tölegleriniň we salgytlaryň degişliligi boýunça hasaplara geçirilişi ýaly ýene-de ençeme ugurlary öz içine alýar.

Şeýle okuw çäreleriniň geljekde gümrük edaralarynda ýolbaşçy wezipelere ätiýaçda duran harby gullukçylar bilen geçirilmegi, olaryň hünär taýdan kämil, ukyp-başarnyklarynyň we hukuk sowatlylygynyň has-da ýokary bolmagyna özüniň oňyn täsirlerini ýetirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026