HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan dünýäniň Aýa sapar guraýan dördünji ýurdy!

Awgust 23, 2023 | 23:48 |9086
Ýeriň kosmos taryhynda ilkinji gezek “Wikram” hindi goýberiş modulynyň ýumşak gonuşy amala aşyryldy. Şeýlelikde, Hindistan SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň dördünji "Aý döwleti" boldy. Ýöne iň esasysy, Hindistan Aýyň polýar sebitine gonmagy başaran ilkinji ýurt boldy!Ýeriň kosmos taryhynda ilkinji gezek “Wikram” hindi goýberiş modulynyň ýumşak gonuşy amala aşyryldy. Şeýlelikde, Hindistan SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň dördünji "Aý döwleti" boldy. Ýöne iň esasysy, Hindistan Aýyň polýar sebitine gonmagy başaran ilkinji ýurt boldy!
Çeşme: isro.gov.in

Ýeriň kosmos taryhynda ilkinji gezek “Wikram” hindi goýberiş modulynyň ýumşak gonuşy amala aşyryldy. Şeýlelikde, Hindistan SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň dördünji "Aý döwleti" boldy. Ýöne iň esasysy, Hindistan Aýyň polýar sebitine gonmagy başaran ilkinji ýurt boldy!

Hindistan 1980-nji ýyllaryň başynda ilkinji emeli hemrasyny üstünlikli uçurmagyň hötdesinden geldi, muňa seretmezden, Hindistan hökümeti aý we mars meýilnamalaryna maýa goýmagyň ýerine, ynsanperwerlik meselelerini ileri tutmak bilen ünsüni derwaýys meseleleri çözmäge gönükdirdi.

Ýurduň esasy wezipesi halkyny aragatnaşyk bilen üpjün etmek we emeli hemralaryň kömegi bilen Ýer barada täze ylmy maglumatlary almak boldy. Diňe ýurduň aýratyn mätäçlik çekýän ýaşaýjylary zerur kömegi alansoň, hökümet beýleki kosmos barlaglaryny maliýeleşdirip başlady.

Şu asyryň başynda hindileriň durmuş derejesi ep-esli gowulaşdy, şunuň bilen birlikde kosmos babatda tehnologiki dereje hem ösdi. 2008-nji ýylda Hindistan “Chandrayaan-1” (Aý gämisi) arkaly Aýa ilkinji kosmos missiýasyny amala aşyrdy.

Фото 2. В середину текста.jpg

Missiýanyň çäginde Aýyň daşyndaky orbita zond ugradyldy we Günorta polýar sebitiniň üstüne täsir ediji enjam zyňyldy. Çaknyşyk netijesinde Aý topragy çykaryldy, orbitadaky spektrometr bolsa amerikan LRO hemrasy tarapyndan onuň Aýa paýlanyşy seljerilmezden ozal bu bulutda suwuň bardygyny anyklady.

2019-njy ýylda amala aşyrylan “Çandrayan-2” missiýasy Ýeriň emeli hemrasynyň ýüzüne Aý rowerini eltmekden we “Wikram” goýberiş modulynyň ýumşak gonmagyny üpjün etmekden ybaratdy. “Wikram” Aýyň üstünden 2,1 km belentlikdekä onuň bilen aragatnaşyk ýitdi, gonduryş moduly Aýyň üstüne urlup, heläkçilige uçrady.

2014-nji ýylda Hindistan Mars orbitasyna “Mangalyan” kosmos gämisini çykardy. Deli ýeten sepgidinde durman, öz kosmos stansiýasyny döretmegi, Aýy öwrenmegi, Weneranyň orbitasyna girmegi, hatda Ýupitere zond ibermek mümkinçiligini hem meýilleşdirýär.

Älem giňişligine 14-nji iýulda ugradylan we “Vikram” goýberiş modulynyň Aýa üstünlikli gonmagyny üpjün eden “Çandrayan-3” şu gün Aýa gondy. Onuň gonan ýeri öz döwründe amala aşmadyk “Luna-25” missiýasy üçin saýlanan ýerdir.

Hindistanyň 8 milliondan gowrak ýaşaýjylary göni ýaýlymda “Çandrayan-3” milli ekspedisiýasynyň Aýa gonuşyna uly şatlyk we buýsanç bilen tomaşa etdiler.

Фото 3. в самый конец.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026