HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilata berlen karzlaryň galyndysy 3,6 göterim artdy

Awgust 23, 2023 | 17:19 |9735
Türkmenistanda ilata berilýän karzlaryň galyndysynyň umumy ösüşi hasaba alynýar. Bu, ilki bilen, maliýe-karz beriş edaralary tarapyndan ýeňillikli karzlar esasynda ilaty durmuş taýdan goldamagyň hasabyna emele gelýär.Türkmenistanda ilata berilýän karzlaryň galyndysynyň umumy ösüşi hasaba alynýar. Bu, ilki bilen, maliýe-karz beriş edaralary tarapyndan ýeňillikli karzlar esasynda ilaty durmuş taýdan goldamagyň hasabyna emele gelýär.
Çeşme: cbt.tm

Türkmenistanda ilata berilýän karzlaryň galyndysynyň umumy ösüşi hasaba alynýar. Bu, ilki bilen, maliýe-karz beriş edaralary tarapyndan ýeňillikli karzlar esasynda ilaty durmuş taýdan goldamagyň hasabyna emele gelýär.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda ilata berlen karzlaryň galyndysynyň möçberi 87,9 milliard manada deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 milliard manat köpdür. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň “Bank habarlary” elektron žurnalynda mälim edilýär.

Banklaryň korrespondent hasaplary açmak boýunça işleri hem ýaýbaňlanyp, olaryň mukdary 5 milliard manada golaý artdy. Banklar Merkezi bankda hasaplary açyp, özlerini ätiýaçlandyrýarlar. Açylan hasaplaryň möçberi 13 milliard manada barabar boldy.

Banklaryň esaslyk maýasy 400 million manat artdy. Şeýlelikde, kar beriş edaralarynyň umumy esaslyk maýasy 7 milliard manada barabar boldy. Bu sanlar Türkmenistanda maliýe taýdan garaşsyz bank edaralarynyň emele gelýändigini görkezýär.

Ýurduku şahslara berlen karzalaryň möçberi hem 3 essä golaý artdy. Bu görkeziji ýylyň birinji ýarymynda 5,8 milliard manatdan geçdi. Şondan 1 milliard manatdan az möçberdäki karzlar fiziki şahslara esasan, uzak möhletleýin esasda berildi.

Berlen karzlaryň galyndylarynyň köpelmegi ýurdumyzyň karz syýasatynyň položitel häsiýete eýedigini görkezýär. Bu öz gezeginde, ykdysadyýetiň janlanmagyna, bazarda hereket edýän eýeçilikleriň işjeňleşmegine, maýa goýum durnuklygyny we ilatyň maliýe-karz ulgamyna bolan ynamyny güýçlenmegine sebäp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026