HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri okuwa kabul ediş möwsümini tamamlaýarlar

Awgust 23, 2023 | 13:33 |5306
Şu gün – 23-nji awgustda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň aglabasy okuwa kabul ediş möwsümini tamamlaýarlar. Bu möwsüm 17-nji iýulda badalga alypdy.Şu gün – 23-nji awgustda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň aglabasy okuwa kabul ediş möwsümini tamamlaýarlar. Bu möwsüm 17-nji iýulda badalga alypdy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Şu gün – 23-nji awgustda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň aglabasy okuwa kabul ediş möwsümini tamamlaýarlar. Bu möwsüm 17-nji iýulda badalga alypdy.

Ýokary okuw mekdeplerinden tapawutlylykda, orta-hünär okuw mekdeplerine giriş möwsümi ýene 5 gün dowam edip, 28-nji awgustda tamamlanar.

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Türkmenistanyň taryhy” dersinden jemleýji synaglar dowam edýär.

Okuwa kabul ediş möwsümi adatça iki tapgyrda geçirilýär. 17 – 30-njy iýul aralygynda okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärleriň resminamalary kabul edilen bolsa, 2 – 28-nji awgust aralygynda giriş synaglary tabşyrmak döwri dowam edýär. Şu gezekki synaglaryň tapawutly aýratynlygy olaryň ýokary ýa-da orta-hünär okuw mekdebiniň öz binasynda geçirilmegidir. Şeýle görnüşdäki synaglar mundan ozal, iň soňky gezek 2019-njy ýylda geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026