Futbol: «Merw»-iň kapitany «Hujand» bilen ýakyn wagtda boljak oýun hakda


Şu gün, 22-nji awgustda «Merw» Täjigistanda ýerli «Hujand» bilen örän möhüm oýun geçirýär. Türkmen futbolçylary Aziýanyň möhümligi boýunça ikinji orunda duran klub ýaryşy – AFK kubogynyň topar tapgyryna çykmak üçin söweşer.
Täjigistana gitmezden ozal «Merwiň»-iň kapitany Merdan Saparow, ORIENT bilen söhbetdeşlikde şeýle möhüm oýna taýýarlyklaryň nähili geçendigini gürrüň berdi.
– Mundan beýläk toparymyzyň yklymyň Aziýa bölegindäki esasy ýaryşlaryň birine gatnaşmagynda ykbalyny kesgitleýän «Hujand» bilen oýna taýýarlyk, meýilnama boýunça geçdi. Ol birnäçe ugry öz içine alýardy. Ilki bilen tälimçimiz Begenç Magtymow, garşydaşyň oýnunyň stilini we häsiýetini öwrenmek ýaly taktiki böleklere köp üns berdi. «Hujand», islendik garaşylmadyk zat getirip biljek güýçli topar.
Biziň wezipämiz, oýnumyzy Täjigistan futbolçylaryna daňmak, güýçli taraplaryny zyýansyzlandyrmak bilen garşydaşymyzy goragymyza baglamak. Şol bir wagtyň özünde, käbir gowşak taraplaryny göz öňünde tutup, garaşylmadyk ýagdaýda ondan peýdalanmak. «Hujand»-yň oýnunyň öz häsiýeti bar, oýunçylaryň türgenleşik wagtynda ösdürilen öz oýnamak stili bar, esasy oýunçylar toparyň her bir oýunçysyny söweşe çekip, meýdançanyň islendik ýerinde ynamly hereket edýärler.
Şeýle hem, «Hujand»-yň oýun wagtynda has mekir taktiki hileleri ulanmaga taýýardygyny, tälimçisiniň düzümi bilen dürli görnüşleri ulanyp biljekdigini hem göz öňünde tutduk. Biz garşydaşyň öňki oýunlarynyň wideolaryny gördük we tälimçi hem-de ýoldaşlarymyz bilen indiki oýnuň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdyk.

Ikinji üns beren zadymyz, tehniki taýýarlyk. Ol adaty ýagdaýlary ýerine ýetirmekden, uzyn paslary we pökgini uzakdan derwezä atmakdan ybaratdy. Garaşyşymyz ýaly garşydaşyň jerime meýdançasy dar bolar, sebäbi «Hujand»-yň goragçylary ýeterlik derejede berk we ünsli. Olary duýdansyz tutmak kyn bolar. Goranyşda, ähli bölümleriň arasyndaky gatnaşygy, biri-birimizi goldamagy we Täjigistanly çalasyn hüjümçileriň berk gorag usullaryny anyk işläp düzdük.
Beden taýdan taýýarlyk, oýnuň dowamynda meýdançanyň ähli ugurlarynda söweşmek ukybyny ösdürmekden ybaratdy. Bize kyn oýnuň garaşýandygyna düşünýäris we şol sebäpli iň gowy netije üçin mümkin boldugyça ünsli we höwesli bolmaga synanyşýarys.
Gyrgyzystan topary bilen geçirilen öňki oýny ýene bir gezek ýatlap, ýeňiş gazanmak islegimizň şol wagt bize kömek eden zatdygyny, şeýle hem aýdyşlary ýaly ýoldaşlyk duýgusynyň we oýunyň kyn pursatlarynda ýoldaşlarymyzyň goldawynyň bardygyny goşmak isleýärin. Biz sazlaşykly we täsirli hereket edip, bitewi we agzybir topar hökmünde söweşdik. Garşydaşyň goragynda kemçilik tapmak mümkin däl ýaly görünse-de, özümiziň ruhdan düşmegimize ýol bermedik. Oýnumyzda hemme zat gowy gitmeýän pursatlarda-da oýnuň akymyny öwürmek üçin güýç tapjagymyza ynanýardyk.
Şeýle hem, «Alaý» bilen oýnuň dowamynda wepaly janköýerleriň işjeň goldawyny duýduk. Özüňiz düşünýänsiňiz, Täjigistandaky oýunda münberden beýle goldaw almarys, ýöne şeýle uzak aralykda-da türkmen janköýerleriniň goldawyny duýarys.
Ýadyma düşýär, «Alaý» bilen oýnuň ikinji ýarymynda garşydaşyň berk usulyna jogap edip, sowuklygymyzy sakladyk we oýun stilimizi üýtgetmedik. Kämahal, garşydaşyň taktiki hilelerine düşenimizde-de howsala düşmedik, başlangyjy ussatlyk bilen dowam etdirdik. Muny «Hujand» bilen oýunda hem etmeli. Şeýlelik bilen, beýleki oýnuň tejribesi, Täjik doganlarymyzyň topragynda mertebe bilen oýnamaga mümkinçilik döreder diýip umyt edýäris.
Artur PETROSÝANS








