HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen pälwanlary Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandy

Awgust 21, 2023 | 17:22 |10419
Grek-rim we erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary 17-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçirilen Ion Cornianu & Ladislau Simon halkara ýaryşynda üç medal gazandylar. Bu barada ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetine ORIENT-iň habarçysyna habar berdiler.Grek-rim we erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary 17-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçirilen Ion Cornianu & Ladislau Simon halkara ýaryşynda üç medal gazandylar. Bu barada ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetine ORIENT-iň habarçysyna habar berdiler.
Çeşme: Instagram.com/turkmenistanwrestling

Grek-rim we erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary 17-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Buharestde (Rumyniýa) geçirilen Ion Cornianu & Ladislau Simon halkara ýaryşynda üç medal gazandylar. Bu barada ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetine ORIENT-iň habarçysyna habar berdiler.

Erkin göreşiň wekilleri bir altyn we bir kümüş medal gazandy.

92 kilograma çenli agram derejesinde “Türkmen Edermen” ýörite maksatly toparyň ikinji bölüminiň mugallymy Döwletmyrat Orazgylyjow çempion boldy.

Screenshot_20230821_125303_Instagram.jpg

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dördünji ýyl talyby Gurbanmyrat Öwezberdiýew 55 kilograma çenli agramda kümüş medal bilen sylaglandy.

Türkmen ýygyndysyna ýene bir medal grek-rim stilinde 55 kilograma çenli agram derejesinde altyn medaly gazanan Umyt Berdýew getirdi.

Ion Cornianu & Ladislau Simon ýaryşyny gurnaýjylar Birleşen Göreş Dünýäsi we Rumyniýanyň sportyň bu görnüşi boýunça federasiýasy bolup, 36 ýurtdan türgenleri ýygnadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026