HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Gazagystanyň ýokary okuw mekdebinde talyplaryň öňünde çykyş etmäge çagyryldy

Awgust 21, 2023 | 12:10 |5806
Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň M.S.Narykbaýew adyndaky ynsanperwer, hukuk uniwersitetiniň dolandyryş ýolbaşçysy Talgat Narikbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň M.S.Narykbaýew adyndaky ynsanperwer, hukuk uniwersitetiniň dolandyryş ýolbaşçysy Talgat Narikbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.
Çeşme: @embassy_of_turkmenistan

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň M.S.Narykbaýew adyndaky ynsanperwer, hukuk uniwersitetiniň dolandyryş ýolbaşçysy Talgat Narikbaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Talgat Narikbaýew türkmen ilçisini ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde çykyş etmäge çagyrdy. Şeýle hem, Gazagystanyň Hökümeti tarapyndan ýurduň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen ilçi tanyşdyryldy.

Öz gezeginde, türkmen ilçisi Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçiirlýän giň gerimli işler, halkara reýtinge girýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan ýaşlaryň diplomlarynyň tassyklanmagy babatda geçiirlýän çäreler barada ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysyna gürrüň berdi.

Şeýle hem, ilçi ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysyny Aşgabatda 10 - 12-nji oktýabrda geçiriljek Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary boýunça halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler" atly ylmy eserini ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasyna sowgat etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026