HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Budapeştdäki ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany boldy

Awgust 21, 2023 | 03:00 |9260
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji awgustda, ýekşenbe güni Wengriýanyň paýtagtyndaky Milli ýeňil atletika merkezine baryp, ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň köp garaşylýan ýaryşy bolan erkekleriň arasynda 100 metr aralyga geçirilen soňky jemleýji tapgyra tomaşa etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji awgustda, ýekşenbe güni Wengriýanyň paýtagtyndaky Milli ýeňil atletika merkezine baryp, ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň köp garaşylýan ýaryşy bolan erkekleriň arasynda 100 metr aralyga geçirilen soňky jemleýji tapgyra tomaşa etdi.
Çeşme: eurosport.hu

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji awgustda, ýekşenbe güni Wengriýanyň paýtagtyndaky Milli ýeňil atletika merkezine baryp, ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň köp garaşylýan ýaryşy bolan erkekleriň arasynda 100 metr aralyga geçirilen soňky jemleýji tapgyra tomaşa etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany premýer-ministr Wiktor Orbanyň çakylygy bilen Wengriýa döwletiniň esaslandyrylan gününe we ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna gabat gelýän iş sapary bilen Budapeşte bardy.

Ýaryşlara şeýle-de,Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanow Bosniýa we Gersegowinanyň prezidiumynyň agzasy Želka Swiýanowiç hem tomaşa etdi.

Çäräniň çäginde, hormatly myhmanlar biri-biri bilen gürleşmäge we hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik aldylar.

MTI tarapyndan çap edilen suratlara görä, Wengriýanyň paýtagtyndaky Milli ýeňil atletika merkezinde Çehiýanyň ozalky premýer-ministri Andreý Babiş, Awstriýanyň ozalky kansleri Sebastýan Kurs we başga-da birnäçe görnükli syýasatçylar bardy.

2-1.png

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer-ministriniň rezidensiýasyna tarap ugrady, ol ýerde Wengriýanyň milli baýramy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Budapeştden watanyna ugrady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026