HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Messi “Inter Maýami” bilen ilkinji baýragyny aldy

Awgust 20, 2023 | 23:42 |7242
“Inter Maýami” “Neşwili’ jerime urgusynda ýeňip, MLS we Meksikan ligasynyň wekilleri üçin möwsümden ozalky ýaryş bolan Ligalar kubogynyň taryhy ýeňijisi boldy. Bu amerikan klubynyň taryhynda ilkinji resmi baýragydyr.“Inter Maýami” “Neşwili’ jerime urgusynda ýeňip, MLS we Meksikan ligasynyň wekilleri üçin möwsümden ozalky ýaryş bolan Ligalar kubogynyň taryhy ýeňijisi boldy. Bu amerikan klubynyň taryhynda ilkinji resmi baýragydyr.
Çeşme: Getty Images

“Inter Maýami” “Neşwili’ jerime urgusynda ýeňip, MLS we Meksikan ligasynyň wekilleri üçin möwsümden ozalky ýaryş bolan Ligalar kubogynyň taryhy ýeňijisi boldy. Bu amerikan klubynyň taryhynda ilkinji resmi baýragydyr.

Duşuşyk esasy wagtda 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Birnäçe jerime urgusynda “Inter Maýami” has takyk bolup, “Neşwil” 9 goluna garşy 10 pökgi geçirdi. Toparlara ýeňijini kesgitlemek üçin 19 synanyşyk gerek boldy.

“Inter Maýaminiň” düzüminde 23-nji minutda gol geçirip, hasaby açan Lionel Messi tapawutlanmagy başardy, ol jerime urgusyny hem derwezä salmagyň hötdesinden geldi. Argentinaly hüjümçi üçin bu amerikan kluby bilen bileleikde mynasyp bolan ilkinji kubogydyr. Messi 2021-nji ýylyň tomsunda Barselonadan PSG-ä geçipdi.

2023-nji ýylyň tomusky alyş-çalşynda argentinaly “Inter Maýami” bilen erkin agent hukugy bilen transfer şertnamasyny baglaşdy we ilkinji oýunda pökgini tora girizip, amerikan klubynyň düzüminde ilkinji ýeňşini gazandy.

Hüjümçi Hüjümçi “Altyn pökginiň” ýedi gezek ýeňijisi, Argentina milli ýygyndysynda dünýä çempiony, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek Fransiýanyň çempiony, dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, üç gezek Klub dünýä çempionatynyň ýeňijisidir.

18-nji awgustda Messi “Inter Maýami” üçin ilkinji kubogy almagyň janköýerler we klubyň özi üçin üýtgeşik waka boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, futbolçy her gün oýunçylaryň nähili türgenleşýändigini görmeýän adamlar üçin toparyň finala çykmagynyň geň galdyryjy ýagdaý bolandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026