Türkmen ýeňil atletikaçysy Budapeştdäki dünýä çempionatynda çykyş eder


Türkmen ýeňil atletikaçysy Alişer Sadullaýew 19-njy awgustdan 27-nji awgust aralygynda Budapeştde geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder. Türgen Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasyndan kwota aldy we 100 metr aralyga ylgamakda ýurdumyza wekilçilik eder.
«Meniň karýeramdaky iň uly başlangyç», — diýip Alişer sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.
Türgen 100 metr aralyga ylgamak ýaryşyna häzirki Türkmenistanyň çempiony Walentina Meredowanyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. ORIENT bilen garaşýan zatlaryny paýlaşan Alişer, 100 metrde milli rekord goýmagy maksat edinýändigini aýtdy. Iň uly arzuwy bolsa, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak.
Alişer Sadullaýew ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň 20 gezek çempiony, Merkezi Aziýanyň Açyk çempionatynyň kümüş we bürünç medalynyň eýesi, şeýle hem dürli halkara ýaryşlarynyň baýraklarynyň eýesi.
ORIENT news








