Täze bellenen türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy


17-nji awgustda Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda ilçi Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Ilçi Myratgeldi Seýitmämmedow şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzyň Katar Döwletindäki ilçisi wezipesine bellendi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine bolan saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň bu ýurtdaky ilçihanasy açyldy.
ORIENT news








