HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Ahal" - "Şagadam": ikinji tapgyryň birinji goluny kim geçirer?

Awgust 19, 2023 | 12:31 |7175
“Şagadamyň” soňky dört oýnuň jemleri boýunça toplan utuk sanyndan kenarýakaly janköýerleriniň nägilelik derejesini aňmak üçin pal atmagyň geregi ýok.  Aýratyn-da, asla top geçirilmedik ýagdaýda. Ikinji tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň kluby ýekeje gol hem geçirip bilmedi.“Şagadamyň” soňky dört oýnuň jemleri boýunça toplan utuk sanyndan kenarýakaly janköýerleriniň nägilelik derejesini aňmak üçin pal atmagyň geregi ýok.  Aýratyn-da, asla top geçirilmedik ýagdaýda. Ikinji tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň kluby ýekeje gol hem geçirip bilmedi.
Çeşme: instagram.com

“Şagadamyň” soňky dört oýnuň jemleri boýunça toplan utuk sanyndan kenarýakaly janköýerleriniň nägilelik derejesini aňmak üçin pal atmagyň geregi ýok. Aýratyn-da, asla top geçirilmedik ýagdaýda. Ikinji tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň kluby ýekeje gol hem geçirip bilmedi.

Iň soňky gezek "Şagadam" maý aýynda dokuzynjy tapgyryň çäginde garşydaşynyň derwezesine pökgi geçiridi. Şonda kenarýakalylar 3:2 hasap bilen “Aşgabady” ýeňmegi başarypdylar.

Şondan soň tälimçiler toparynda çalşyk boldy we topar ikinji tapgyra täze bellenen baş tälimçisi bilen çykdy. Kluba Azat Garajaýew ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda onuň görkezýän netijeleri o diýen täsirliligi bilen tapawutlananok.

Geçen ýyl 38 ýaşynda futbol oýunçysy hökmünde karýerasyny tamamlan “Şagadam”, “MTTU”, “Altyn asyr” we “Nebitçi” FK-nyň ozalky oýunçysy halypalyk işine maryly “Energetik” klubunda baş tälimçi Ýuriý Bordolimowyň kömekçisi wezipesinde başlady. Geçen möwsümde Garajaýewe “Şagadama” tälim bermek ynanyldy.

Garajaýewiň şägirtleriniň getirýän netijeleriniň toparyň ýolbaşçylaryny begendirmeýändigi mese-mälim we indiki oýunlarda ýeňiş gazanylmasa, tälimçiniň eýeleýän wezipesi bilen hoşlaşmaly bolaýmagy örän ähtimal.

Onuň häzirki garşydaşy - "Ahal" FK-y ikinji tapgyrda heniz bir gezek hem ýeňilmedi, aslynda “Ahal” duşuşykda “Şagadam” toparynyň ozalky şowsuzşyklarynyň öwezini dolup biljek topary hem däl.

"Türkmennebitönümleri" Baş müdirliginiň topary Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyryna batly çykmak bilen soňky oýunlaryň ikisinde-de ýeňiş gazandy. Ilki bilen "Altyn Asyr" ýeňildi (2:1), soňra Serdar Geldiýewiň şägirtleri "Kopetdag" bilen duşuşdylar we ony üstünlikli ýeňmegi başardylar (3:1).

Ikinji tapgyrda “Ahallylar” dessine oýnuň tabyny ele almagy başardylar. Aýtaryn-da, olar hüjümde üstünlikli çykyş etdiler. Toparyň baş tälimçisi Serdar Geldiýew oýunlara oýlanyşykly çemeleşýär we oýun wagtynda gorag zolagyndan hüjüm zolagyna çenli aralykda öz şägirtleriniň ähli etmeli hereketlerini garşydaşyň gowşak taraplaryna laýyklykda ussatlyk bilen sazlamagy başarýar.

"Ahal" toparynyň düzüminden Türkmenistanyň ýokary ligasynyň soňky iki oýnunda Elman Tagaýew, Ata Geldiýew, Daýanç Meredow we Begenç Mämmiýew dagylar tapawutlanmagy başardylar. Kenarýakalylar bolsa, utuk hem gazanmadylar, gol hem geçirmediler. Oýnuň hili boýunça, “Nebitçi” bilen bolan duşuşygy (0:2) hasap etmezden, bu topar oňat çykyş etdi, soňky tapgyrda bolsa “Arkadag” FK-yna “ahallylary” ýeňmek diňe goşmaça berlen wagtyň dowamynda başartdy (0:1).

Şonuň üçin Garajaýewiň wezipesi garşydaşyna hötde gelmek. Başararmyka? Bony şu gün bileris. "Ahal" bilen "Şagadam" şu gün, 19-njy awgust, 18:00-da paýtagtyň "Nusaý" stadionynda duşuşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026