Aşgabatda gylyçlaşmak sporty boýunça iň ökde çagalar belli edildi


Aşgabatda gylyçlaşmak sporty boýunça 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda paýtagtymyzyň açyk birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Gylyçlaşmak sporty federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa Merkezi Aziýanyň çempiony, ýaş türgen Jumanazar Döwletnazarow we başga-da 50 töweregi ýaş türgen gatnaşdy.
5 sagatlap dowam eden ýaryşa gatnaşyjy ýaş türgenler dürli aýlawlarda özara bäsleşdiler. Bu aýlawlaryň her birinde geljegine uly umyt baglanýan ýaş ussatlar saýlandylar. Bu aýlawlarda ýaş türgenler gylyja erk etmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Gylyçlaşmak boýunça sport ýaryşyny synlamaga gelen ene-atalar we janköýerler çagalaryň ýaryşlaryny tolgunma bilen synladylar. Ýaryşyň soňy has-da çekeleşikli bolup, oňa gatnaşyjy her bir çaga iň gowy netijeleri gazanmak üçin ussatlyklaryny gaýgyrmadylar.
Şeýle çekeleşikli çykyşlaryň biri ýaş türgen Medine Mommadowa bilen boldy. Ol şeýle uly ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan iň gowy netijeleri gazanmagy öz öňünde maksat edip goýupdyr. Umuman çagalar, gylyçlaşmak boýunça geçirilen ýaryşa oýun görnüşde däl-de hakyky sport ýaryşy hökmünde kabul edip özara bäsleşdiler.
Ýaryşyň iň soňunda onuň ýeňijileri yglan edildi. Paýtagtymyzyň birinjiligi ugrundaky geçirilen ýaryşda altyn medala oglanlaryň arasynda Mämmedaly Süleýmanow, gyzlaryň arasynda bolsa, Aýsenem Mataýewa mynasyp boldular. Kümüş medala bolsa, Daniýel Woronin we Bibisoltan Geldiýewa, bürünç medallara bolsa, Jennet Mämmedowa, Elif Abdullaýewa oglanlaryň arasynda Arseniý Assaul we Hemra Hanmedow dagylar mynasyp boldular.
ORIENT news








