HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtda dzýudo ösüşiniň derejesine ýokary baha berdi

Awgust 16, 2023 | 16:01 |9358
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki
ýurdumyzyň dzýudo federasiýasynyň başlygy Welmyrat
Gurbanmyradow we Türkmenistanyň milli dzýudo toparynyň ýapon
tälimçisi Kazuhiko Tokuno bilen duşuşdy diýip, Ashgabatdaky
diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki
ýurdumyzyň dzýudo federasiýasynyň başlygy Welmyrat
Gurbanmyradow we Türkmenistanyň milli dzýudo toparynyň ýapon
tälimçisi Kazuhiko Tokuno bilen duşuşdy diýip, Ashgabatdaky
diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: Instagram.com/jpn_emb_tkm

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki ýurdumyzyň dzýudo federasiýasynyň başlygy Welmyrat Gurbanmyradow we Türkmenistanyň milli dzýudo toparynyň ýapon tälimçisi Kazuhiko Tokuno bilen duşuşdy diýip, Ashgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ilçi Ýamamoto Hiroýuki dzýudo federasiýasynyň wekiline Türkmenistanda bu sporty ösdürmekde gazanan üstünlikleri üçin Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Hormat hatyny gowşurdy.

Dzýudo federasiýasy türkmen türgenleriniň arasynda bu sportuň ýaýramagyna we meşhur bolmagyna goşant goşup, yzygiderli milli ýaryşlary guraýar.

2006-njy ýylda federasiýa döredilenden şu güne çenli Türkmenistanda dzýudoçylaryň sany 500-den 6000 adama çenli artdy.

Häzir Ýaponiýaly tälimçi Kazuhiko Tokunonyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli dzýudo topary saýlama ýaryşlaryna taýýarlanýar we Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmagy umyt edýär.

Mundan başga-da, şu aý türkmen dzýudoçylary üçin diýseň täsirli bolar. Türgenler Horwatiýada Gran-pri, Gazagystanda geçiriljek “Uly tuwulga” ýaryşyna gatnaşarlar, ýaş dzýudoçylar bolsa, Zagrebde (Horwatiýa) geçiriljek dünýä çempionatynda baýrak almak üçin bäsleşerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026