Lebap welaýatynda "Çalsana, bagşy!" bäsleşiginiň saýlama tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi


Lebap welaýatynda "Çalsana, bagşy!" döredijilik synynyň saýlama tapgyry tamamlandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilip, oňa sebitiň iň zehinli bagşydyr sazandalary gatnaşdylar.
Saýlama tapgyryndan zehinli sungat ussatlarynyň dördüsi üstünlikli geçmegi başaryp, ýaş ýerine ýetirijiler güýzde Aşgabatda geçiriljek “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Lebap welaýatyna wekilçilik ederler.
"Çalsana, bagşy!" bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ikinji gezek geçirilýär. Aýdym-saz bäsleşigi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek, şeýle hem dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli döredildi.
Bagşy-sazandalaryň arasyndaky bu döredijilik bäsleşiginiň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär. Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky türkmen raýatlary gatnaşyp bilerler. Häzirki wagtda saýlama tapgyrlary Aşgabatda we ýurduň ähli welaýatlarynda geçirilýär.
ORIENT news








