HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýär

Awgust 15, 2023 | 21:26 |13779
Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen  ýurdumyzyň Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen  ýurdumyzyň Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
Çeşme: phnompenpost.com

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Bu barada ilçi 14-nji awgustda Pnompende Syýahatçylyk ministri Tong Khon bilen bolan duşuşygyň dowamynda mälim etdi.

Maşalow Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyna göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýändigini habar berdi.

Ilçi: "Biz özara syýahatçylyk alyş-çalşyny ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýäris" - diýdi.

“The Phnom Penh Post” gazeti türkmen ilçisiniň: “Kamboja hökümetini syýahatçylygy dikeltmek we ösdürmek ugrundaky tagallalary we syýahatçylaryň sanynyň yzygiderli artmagy bilen gutlaýarys. Bu pudagyň geljegine göz ýetirip, Türkmenistan diňe bir aramyzda däl, eýsem üçünji ýurtlar bilen hem syýahatçylyk alyş-çalşyny artdyrmak üçin Kamboja bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär" – diýen sözlerini getirýär.

Mundan başga-da, diplomat Türkmenistanyň patyşalygyň esasy syýahatçylyk ýerlerinden biri bolan Siem Reap welaýatyna göni uçuşlary ýola goýmagy meýilleşdirýändigini nygtady.

Bu Türkmenistandan we goňşy ýurtlardan bolan syýahatçylara ähliumumy derejede ykrar edilen taryhy miras – Angkory we Kambojanyň beýleki meşhur ýerlerini öwrenmäge mümkinçilik berer.

Maşalow Kambojada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da syýahatçylyk çärelerini guramagy teklip etdi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle çäreler iki ýurduň hem taryhy we syýahatçylyk ýerleri bilen ýakyndan tanyşmaga we syýahatçylyk operatorlaryny çekmäge mümkinçilik berer. Tong Khon bu teklibi goldady we syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalara we çärelere ýolbaşçylyk etmek üçin Kamboja bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Memorandumy işläp düzmäge çagyrdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki wagtda Kamboja bilen göni howa aragatnaşygy ýok. Muňa seretmezden, Syýahatçylyk ministrliginiň şu ýyl boýunça çaklamalaryna görä, patyşalyk dünýäniň dürli künjeklerinden takmynan bäş million syýahatçyny kabul eder. Ministrligiň maglumatlaryna görä, Kamboja şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda üç milliondan gowrak daşary ýurtly myhmany kabul etdi.

— Türkmenistan bilen göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy Kambojanyň ykdysady we syýahatçylyk pudaklaryna goldaw bolar. Olar haryt daşamany gowulandyryp, Kamboja potensial maýadarlary çekip we söwda, syýahatçylyk we bilim pudagynda ikitaraplaýyn kärhanalary höweslendirip bilerler. Bu Kamboja üçin geljegi uly ösüş" – diýip, Kamboja Patyşalyk akademiýasynyň Halkara gatnaşyklar institutynda bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026