Ýaponiýada ýaşylyň ýerine gök reňkli swetofor: syry nämede?


Ýapon swetoforlary adaty gyzyl, sary we ýaşyl reňklilerden tapawutlanýar. Bu ýerde ýaşylyň ýerine gök ulanylýar. Ekzotik semaforlar eýýäm Ýaponiýanyň ýüzi boldy we bu üýtgeşik hadysa bu ýere gelýän daşary ýurtlularyň ünsüni özüne çekýär.
Şeýle «syrly» reňkleriň sazlaşygynyň döreýşi taryha ýazylýar we milli lingwistik däplerde we aýratynlyklarda saklanýar. Öňden bari ýapon dilinde ýaşyl reňk üçin aýratyn söz ýokdy. Gök, mawy, zümrüd, ýaşyl we beýleki şuňa meňzeş reňkler diňe «aoi» sözi bilen aňladylýardy.
Soňra ýapon dilinde täze «midori» sözi peýda boldy – ýaşylyň alamaty. Şeýle-de bolsa, ýaponlar adatça «aoi» sözüni gök we ýaşyl üçin ulanmagy dowam etdirdiler. Adamlary ýaşyl üçin täzeden «midori» sözüni ulanmagy öwretjegem bolmadylar. 1930-njy ýyllarda Ýaponiýada ilkinji swetofor peýda bolanda, ýurduň hökümeti ilatyň arasynda bulaşyklyk döretmezlik üçin adaty dil tertibini üýtgetmezlik we täze söze geçmezlik kararyna geldi.
Ynha şeýdibem, ýaşylyň ýerine gök signally swetoforlar peýda bolup, ýarym asyrlap (1973-nji ýyldan bäri) Ýaponiýanyň milli aýratynlygy bolup gelýär.
ORIENT news








