GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy 12-13- nji sentýabrda Bişkekde geçiriler


GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy 12-13- nji sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Gyrgyzystanyň paýtagtyna Arkalaşygyň ýurtlaryndan 200-den gowrak wekil geler. Bu barada GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň saýtynda habar berildi.
Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň özara täsiri arkaly - umumy arkalaşyga we parahatçylyga». Umumy mejlislerde we ýöriteleşdirilen bölümlerde alymlar, mugallymlar we sungat işgärleri bilimde hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny, meýletinlik ugrundaky ýaşlaryň başlangyçlaryny we medeniýetler arasyndaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Merkezi panel ara alyp maslahatlaşmagy, GDA-da 2023-nji ýylyň esasy mowzugyna - esasy milletara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde yglan edilen rus diline bagyşlanar.
Forumda GDA-nyň döwletara baýraklary «Arkalaşygyň ýyldyzlary» we «Ilkinji çykyşlaryň Arkalaşygy» gowşurylyş dabarasy, şeýle hem GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bolar.
Forumyň çäginde ilkinji gezek GDA-nyň Döwlet habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi we GDA-nyň teatr birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň tegelek stoly geçiriler.
Döredijilik we ylmy intelligensiýalar forumlary – Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň esasy ynsanperwer çäresidir. Olar GDA ýurtlarynyň paýtagtlarynda nobatlaýyn geçirilýär.
Aşgabat döredijilik we ylmy intelligensiýalar forumlaryny iki gezek – 2012-nji we 2019-njy ýyllarda kabul etdi.
ORIENT news








