HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň II oýunlarynda türkmen samboçylary bürünç medallara eýe boldular

Awgust 14, 2023 | 14:20 |8747
Iki türkmen sportçysy Sapar Döwletow we Guwanç Begalyýew
Belarusda geçirilen GDA-nyň II oýunlarynyň soňky gününde samboda
bürünç medallara eýe boldular.Iki türkmen sportçysy Sapar Döwletow we Guwanç Begalyýew
Belarusda geçirilen GDA-nyň II oýunlarynyň soňky gününde samboda
bürünç medallara eýe boldular.
Çeşme: sambo.ru

Iki türkmen sportçysy Sapar Döwletow we Guwanç Begalyýew Belarusda geçirilen GDA-nyň II oýunlarynyň soňky gününde samboda bürünç medallara eýe boldular.

Sapar Döwletow 94 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Ýene bir bürünjiň eýesi Russiýaly Alekseý Zaýtsew boldy. Ikinji orunda Mongoliýanyň wekili Enebiş Battseren bar. Bu agramdaky çempionlygy Özbegistandan Kabulhan Ahmedow aldy.

Guwanç Begalyýew 98 kilograma çenli agram derejesinde türkmen milli ýygyndysyna ýene bir bürünç medal getirdi. Ondan başga-da, azerbaýjanly Rasul Aýdamirow münberiň üçünji basgançagyna çykdy. Kümüş medaly rusiýaly Ýegor Osipow gazandy. Altyn medal Özbegistandan Ihtiýor Eşmuradowa berildi.

processed-8377fabb-608e-466c-a918-2afa6dd05301_vDu8NxZV.jpeg

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda SAMBO ýaryşlary 12-nji we 13-nji awgustda Žlobin şäherinde (Belarus Respublikasy) geçirildi. Olara 10 ýurtdan türgenler gatnaşdy. Jemi 14 toplum dürli agram kategoriýalarynda baýraklae oýnaldy.

GDA ýurtlarynyň II oýunlary Belarusda 4-nji awgustdan 13-nji awgust aralygynda 20 sport görnüşinde geçirildi. Olara 20-den gowrak ýurda wekilçilik edýän 2,2 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Ýapylyş dabarasy 13-nji awgustda Minsk-Arenada geçirildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Belarusda GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda medallaryň umumy sany boýunça onunjy hatary eýeländigini bellemelidiris. Türkmen toparynyň 18 baýragy bar (3 kümüş we 15 bürünç medal).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026