HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi TASS-a energetika we ulag hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

Awgust 13, 2023 | 22:17 |8398
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşi boldy. Russiýa agentligi diplomatyň energetika we ulag pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky beýanyny çap etdi.Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşi boldy. Russiýa agentligi diplomatyň energetika we ulag pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky beýanyny çap etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşi boldy. Russiýa agentligi diplomatyň energetika we ulag pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky beýanyny çap etdi.

Ilçiniň sözlerine görä, Eýran türkmen gazynyň Azerbaýjana çalşyk üpjünçiligini 4,5-5 million kub metrden günde 7-7,5 million kub metre çenli artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, Saragt liniýasynda çalyşyk üpjünçiligi mümkinçiliginiň 20 million kub metre ýetýändigini belläp geçdi.

Şeýle hem ilçi, Eýranyň Türkmenistan bilen ulag üstaşyr nyrhlaryny azaltmak barada ylalaşandygyny we ýurtlaryň arasynda ýük daşamagyň tertibini ýönekeýleşdirmek üçin işleýändigini habar berdi.

«Häzir biz ýurtlarymyzdan üçünji ýurtlara üstaşyry köpeltmek üçin üstaşyr nyrhlaryny düşürdik. <...> Biz ýurdumyzyň dürli kanunçylygy, gümrük amallary bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin gepleşikler geçirýäris», - diýip Golam Abbas Arbab Halesiň aýdanlaryny metbugat gaýtalaýar.

Şeýle hem ol, Eýranyň Özbegistan bilen şuňa meňzeş gepleşikler geçirýändigini aýtdy.

Ozal Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň bu üç ýurdy birleşdirýän halkara ulag geçelgesini döretmek we degişli ylalaşyga gol çekmek isleýändigi habar berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026