“Belavia” Nýu-Deli şäherine uçar gatnawlaryny ýola goýdy


Belarus Respublikasynyň “Belavia” awiakompaniýasy Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherine ilkinji ýolagçy uçar gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada awiakompaniýa özüniň resmi web-saýtynda habar berýär.
Başlangyç tapgyrda awiakompaniýanyň ýolagçy uçary Minskden Nýu-Delä we yzyna hepdede bir uçuşy ýerine ýetirer. Ýolagçy uçary Minsk şäherinden Hindistanyň paýtagtyna hepdäniň anna günleri uçuşy ýerine ýetirip, yzyna – Nýu-Deliden belarus paýtagtyna her hepdäniň şenbe günleri uçar.
Awiakompaniýa degişli ugra 20-nji sentýabrdan ýolagçy uçar gatnawlaryny hepdede iki gezek ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Şeýle edilende, goşmaça uçar gatnawy her hepdäniň çarşenbe günleri Minskden Nýu-Delä, penşenbe günleri bolsa, Nýu-Deliden Minskä uçarlar gatnar.
Degişli ugra uçuş tertibi şundan ybarat:
Anna günleri Minskden 20:25-de uçan ýolagçy uçary Nýu-Delä 05:35-de barar (uçuş wagtynyň dowamlylygy: 6 sagat 40 minut);
Şenbe günleri Nýu-Deli şäherinden 20:25-de uçan ýolagçy uçary Minsk şäherine 11:40-da barar (uçuş wagtynyň dowamlylygy: 7 sagat 15 minut).
7-nji awgustdan “Belavia” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy täze edarada öz işine başlady. Onuň ýerleşýän ýeri: Aşgabat şäheri, Bitaraplyk (ozalky Podwoýsk) şaýoly, “Elektronika dünýäsi” binasy (girelge arka tarapda).
ORIENT news








